Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýumşak güýç?" Näme üçin Hytaýyň esasy gazeti gazak dilinde "gürledi"


"Ženmin žibao" gazetiniň gazak dilindäki sahypasynyň skrinşoty
"Ženmin žibao" gazetiniň gazak dilindäki sahypasynyň skrinşoty

Hytaý Kommunistik partiýasynyň esasy gazetiniň onlaýn görnüşi häzirki wagtda dünýäniň 12 dilinde, şol sanda gazakça hem çykyp başlady. Käbir bilermenler gazak diliniň ulanylmagy bilen Hytaýyň öz täsir gerimini giňeldýändigini aýdýar, käbirleri muny Hytaýyň Gazagystandaky medeni we maglumat täsirini güýçlendirmäge gönükdirilen "ýumşak güýç" hasaplaýar. Bu aralykda, Hytaýyň öz içindäki Sinjiang welaýatynda gazak dilindäki metbugata edilýän basyşy güýçlendirmek üçin edilen çäre hasaplaýanlar hem bar. Dünýäniň dürli habar serişdeleri Sinjiangyň ýerli ilatyna garşy dowam edýän repressiýalar sebäpli ol sebiti ägirt uly konslager bilen deňeşdirýär.

«HYTAÝ ARZUWY»

Hytaý hökümetiniň we Kommunistik partiýasynyň esasy gazeti bolan “Ženmin žibao” (“Gündelik halk gazeti”) neşiriniň onlaýn wersiýasy 1-nji sentýabrdan, gazak dilinde elýeterli boldy. Şol günden başlap, bu neşir italýan we suwahili dillerinde-de çykyp başlady. Gazetiň halkara wersiýasy eýýäm iňlis, ýapon, fransuz, rus, nemes, arap, koreý, ispan we portugal dillerinde bar.

«Gazetiň web sahypasynyň ýene üç daşary ýurt dilinde peýda bolmagy halkara gurşawy ýokarlandyrmakda möhüm ädimdir. Gazet hakykaty ýaýratmak arkaly "Hytaý arzuwyny we Hytaýyň sesini globallaşdyrmak" üçin, ähli tagallalary eder» diýip, gazet ýazýar.

Gazet Hytaýdaky iň täsirli neşirleriň biridir. Gazetiň ýazyşy ýaly, onuň kagyz görnüşi takmynan üç million nusgada çap edilýär, redaksiýanyň giň habarçylar ulgamy dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda iş alyp barýar. 1948-nji ýylda döredilen bu gazet Hytaý Kommunistik partiýasynyň sesini köpçülige ýetirýän tribunasydyr.

Hytaýyň prezidenti hem-de ýurduň Kompartiýasynyň MK-synyň baş sekretary Si Jinpiniň şekili ýerleşdirilen monitor Sinjiang welaýatynyň Hotan şäherindäki esasy çatrykda goýlupdyr.
Hytaýyň prezidenti hem-de ýurduň Kompartiýasynyň MK-synyň baş sekretary Si Jinpiniň şekili ýerleşdirilen monitor Sinjiang welaýatynyň Hotan şäherindäki esasy çatrykda goýlupdyr.

KOMPARTIÝA WE «GAHRYMANLAR»

Gazetiň gazak dilindäki materiallary dürli mowzuklar boýunça toparlanýar. Esasy üns partiýa ýolbaşçylarynyň işine gönükdirilen. "Hytaý – Gazagystan" bölümi esasan Hytaý bilen baglanyşykly Gazagystan habarlaryny öz içine alýar. Hytaýyň ilçisiniň Gazagystanyň syýasy ýolbaşçylygy bilen duşuşygy berilýär we alty aýyň dowamynda Gazagystan bilen aralykdaky "Alaşankou" serhet-barlag nokadyndan geçen ýük ulaglarynyň sany baradaky maglumatlar düzýär.

Anti-Amerikan ritorikany hem yzarlap bolýar. "Gahrymanlar gaýdyp geldi" sözbaşy astynda, Hytaý esgerleriniň galyndylarynyň Demirgazyk Koreýadan getirilendigi barada maglumat çap edilipdir. “Ýarym asyr mundan ozal millionlarça hytaý esgeri Koreýa halkyna kömek etmek we ABŞ-nyň agressiýasyna garşy göreşmek üçin fronta gitdi. Olaryň käbiri watanyna gaýdyp gelmedi, olar ýat ýurtda öldi" diýlip ýazylýar.

1950-nji ýyllarda Koreýa ýarym adasynda bolan uruş wagtynda, ABŞ Günorta, Hytaý hem Demirgazyga harby kömek berdiler, netijede Koreýa iki döwlete bölündi. Häzirki wagtda Hytaý Demirgazyk Koreýa bilen gowy gatnaşyk saklaýan az sanly ýurtlaryň biridir.

Hytaýdan Gazagystana göçüp gelen hytaýly alym Duken Masimhanuly Almatydaky Gündogary öwreniş institutyna ýolbaşçylyk edýär, ol gazetde ýerleşdirilen materiallaryň awtorlarynyň Gazagystanda tejribe öwrenen ýa-da öň tejribe geçen bilermenler bolup biljekdigini çaklaýar.

«DILIŇ ULANYLYŞ GERIMINIŇ GIŇELMEGI»

Birnäçe ýyl ozal Hytaýdan göçüp gelen şahyr we medeniýeti öwreniji Almas Ahmetbekulynyň pikiriçe, “Ženmin žibaonyň” gazakça peýda bolmagy syýasy waka däl ýa-da muny Hytaýyň öz täsirini giňelmegi bilen baglanyşdyryp bolmaz. Onuň aýtmagyna görä, gazetiň gazak dilinde neşir edilmegi "diňe diliň ulanylyş geriminiň giňelýändigini görkezýär".

Islendik döwlet öz üstünliklerini daşara ýaýratmak isleýär, Hytaý dili, meselem, iňlis dili ýaly, ýurduň çäginden daşara giňden ýaýranmandygy sebäpli, kommunistler gazetiň gazak diline-de terjime edilmegine karar berendir diýip, Almas Ahmetbekuly hasap edýär.

«HYTAÝYŇ ÝUMŞAK GÜÝJI»

Öňki diplomat syýasatçy Kazbek Beýsebaýew Hytaýyň esasy neşiriniň gazakça web-sahypasyna "Hytaýyň ýumşak güýjüniň" peýda bolmagy hökmünde garalmagyny öňe sürýär.

— Hytaý Gazagystanyň iň uly maýadarlaryndan biri bolup durýar. Hytaý eýýäm şeýle derejä ýetdi, ol Gazagystana ykdysady taýdan belli derejede täsir edip bilýär. Ýöne dil päsgelçiligi bar. Indi olar hytaý syýasatyny gazak dilinde öňe sürmek isleýärler. Muňa daşarky syýasatyň ýumşak güýji diýilýär – diýip, Kazbek Beýsebaýew nygtaýar.

Hytaýyň syýasaty barada, şeýle hem Sinjiang welaýatyndaky gazaklaryň syýasy taryhy boýunça bilermen hem kitabyň awtory Ýeldes Orda beýleki bir meselä ýüzlenip, hytaý gazetiniň köp dilli web sahypasynyň gazak dilinde hem bolmagy onuň italýan we suwahili dilleri bilen bir wagta gabat gelýändigine ünsi çekýär.

— Italiýanyň Hytaý bilen gatnaşyklary beýleki Ýewropa ýurtlaryndan has ýokary derejede. Gündogar Afrikanyň suwahili dilli ýurtlary hem Hytaýyň Afrikadaky esasy maksady bolup durýar. Şol bir pozisiýadan, Merkezi Aziýada Hytaý üçin möhüm döwlet dili hökmünde gazak diline ähmiýet berlipdir – diýip, alym hasap edýär.

Ýeldes Orda Hytaý Merkezi Aziýadaky ruslara garşy duýgulardan peýdalanmaýar, diňe öz abraýynyň gowy taraplaryny öňe sürýär diýip hasaplaýar.

HYTAÝDAKY GAZAK DILLI METBUGATA BASYŞ WE SENZURA

"Ženmin žibao" gazetiniň gazak dilinde "gürläp başlamagynyň" fonunda, soňky ýyllarda Sinjiang welaýatynyň ýerli etniki toparlaryna, şol sanda gazaklara garşy sütemini artdyrýan Hytaý häkimiýetleriniň metbugat senzurasyny güýçlendirendigi öňe sürülýär.

2017-nji ýyldan bäri Sinjiangda ýüz müňlerçe uýgur, gazak we beýleki türki dilli halkyň "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerine" iberilendigi

barada habarlar gowuşýar. Ilki başda "lagerleriň" bardygyny inkär eden Hytaý soňra ýapyk guramalar ulgamynyň bardygyny boýun alyp, munuň ekstremizme garşy göreşmek maksady bilen döredilendigini öňe sürdi. Sinjiangdaky diskriminasiýa syýasaty üçin, Günbatar Pekini tankytlaýar.

Gazagystandan gaçybatalga tapmak üçin Sinjiangdan gelen gazaklar we Hytaýda galan garyndaşlary ol ýerdäki gazaklaryň sosial mediada Gazagystan hakda gürleşmekden ýa-da ýazmakdan howatyr edýändiklerini aýdýarlar.

Synçylaryň pikiriçe, Sinjiangdaky gazakça çap edilýän metbugat berk senzuradan geçirilýär. Almas Ahmetbekulynyň aýtmagyna görä, Kommunistik partiýanyň syýasaty Hytaýdaky gazak metbugatyna ýiti täsir edýär.

Hytaýdaky garyndaşlaryndan habarlaşmak kynçylyklar sebäpli ne Almas Ahmetbekuly, ne-de Duken Masimhanuly Sinjiangdaky gazak dilli metbugat bilen baglanyşykly ýagdaý hakda, jikme-jik maglumat berip bilmediler.

— Arap hatyndaky gazet-žurnallaryň ýok edilendigi barada myş-myşlar ýaýrady – diýip, Almas Ahmetbekuly aýdýar.

Duken Masimhanulynyň aýtmagyna görä, Hytaýdaky soňky 20-30 ýyllyk syýasy repressiýalarda hatda çeper edebiýat hem senzura edilýär, eger awtor “türki taraplara degişli detallary” eserine goşýan bolsa, onuň yzarlanma duçar edilýändigini belleýär.

— Hytaýyň Urumçy şäherinde öň üç sany gazak dilli teleýaýlym bardy. Mundan başga-da, sebitdäki partiýa gazetleri we medeni durmuşa bagyşlanan gazetler çap edilerdi. Altaý, Tarbagataý, Ili sebitleriniň köp sanly edebi žurnallary, "Sinjiang welaýatynyň gazak ýaşlary" žurnaly, başga-da köp habar serişdeleri bardy. Häzir olardan näçesiniň galandygy belli däl – diýip, Masimhanuly belleýär.

Hytaý metbugata aç-açan we berk senzura edýän ýurtlardan biridir. “Serhetsiz reportýorlar” sanawynda Hytaý Türkmenistandan, Demirgazyk

Koreýadan hem Eritreýadan öňe geçip, 180 ýurduň arasynda 177-nji orunda durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG