Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada ýaragly adam rus uniwersitetinde alty adamy öldürdi


Perm uniwersitetiniň girelgesinde ýaragly adamyň bir talyp tarapyndan düşürilen suraty.

Russiýanyň Urals sebitiniň Perm şäherindäki uniwersitetde ot açyp, birnäçe adamy öldüren ýaragly adam, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan tussag edilýän pursady ok bilen ýaralanandan soň, häzirki wagt intensiw bejergi bölüminde saklanýar.

Russiýanyň Derňew komiteti öz beýanynda 20-nji sentýabrdaky hüjümde, ýaragly adama ot açylmazdan öň, alty adamyň ölendigini we başga-da 28 sanysynyň ýaralandygyny aýtdy. Komitet mundan ozal atyşykda sekiz adamyň ölendigini mälim etdi.

Saglygy goraýyş ministrligi jikme-jik maglumat bermezden, 24 adamyň keselhanada bejergi alýandygyny aýtdy.

Mundan ozal uniwersitetiň metbugat wekili Natalýa Peçişçewa atyjynyň “ýok edilendigini”, ýöne soňra onuň polisiýanyň tussaghanasynda saklanýandygyny aýtdy.

Köpçülige ýaýradylan wideoda ýaragly adamyň uniwersitet şäherçesindäki bir bina tarap barýan ýoldan ýöräp barşyny görse bolýar. Soňra ol ýerli wagt bilen sagat 11:00 töwereginde uniwersitetiň binalarynyň birine girip, ot açdy. “REN TW” telekanaly adamlaryň uniwersitet şäherçesindäki bir binanyň ikinji gatyndaky penjireden aşak bökýän pursatlaryny görkezýän wideony çap etdi.

Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, jenaýatçy adam ölüm howpy bolmadyk rezin ýa-da plastmassa oklaryny atmak üçin döredilen ýarag ulanypdyr. Şeýle ýaraglary beýleki ok-därileri atmak üçin üýtgedip bolýar. Derňew komiteti bu ýaragy tekiz aw tüpeňi diýip atlandyrdy.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy “RIA-Nowosti” ýerli resmilere salgylanyp, ýaragly adamyň kanuny esasda ýaraga eýeçilik edendigini aýtdy.

Moskwanyň 1200 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän we takmynan 1 million ilaty bolan Permdäki uniwersitet VKontakte sosial ulgamyndaky sahypasynda talyplara we mugallymlara dessine synp otaglaryny we ofis gapylaryny ýapmak we olardan çykmazlyk barada duýdurandygyny mälim etdi.

12 müň talyby hasaba alan uniwersitet atyşyk wagtynda ýokary okuw jaýynyň şäherçesinde 3 müň töweregi adamyň bolandygyny aýtdy.

Bu atyşyk, Russiýanyň okuw jaýyna ýaragly adam tarapyndan hüjüm edilmegi bilen bagly soňky dört aýyň dowamynda amala aşyrylan ikinji uly wakadyr we bu, bir wagtlar Russiýada seýrek duş gelýän şeýle hüjümleriň artýandygyny görkezýär.

Beslan mekdebiniň gabawynyň yzysüre, soňky on ýylda durmuşa geçirilýän howpsuzlyk çäreleri bilen bir hatarda, ýurduň çar tarapynda mekdepleri has howpsuz etmek üçin birnäçe ädim ädildi. 2004-nji ýylda Demirgazyk Osetiýada bolan şol gabawda söweşijiler mekdebiň ilkinji gününde 1000-den gowrak adamy zamun alypdylar we aglabasy çagalardan ybarat 330-dan gowrak adamy öldüripdiler.

Muňa garamazdan, maý aýynda 19 ýaşly Ilnaz Galýawiýew Russiýanyň Tatarystan respublikasyndaky bir mekdebe hüjüm edip, dokuz adamy - sekizinji synpdan ýedi okuwçyny we iki mugallymy öldürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG