Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Skripalyň zäherlenmegi bilen baglanyşykly üçünji rus raýatyna günä bildirýär


Britan harbylary öňki rus içalysy Sergeý Skripalyň Salisbury şäherindäki öýünde. 4-nji fewral, 2019 ý.
Britan harbylary öňki rus içalysy Sergeý Skripalyň Salisbury şäherindäki öýünde. 4-nji fewral, 2019 ý.

Britan polisiýasy 2018-nji ýylda zäherlenen öňki rus goşa agenti Sergeý Skripala “nowiçok” bilen hüjüm edilmegi boýunça alnyp barylýan derňew işleri bilen baglylykda üçünji adama günä bildirilýändigini tassyklady.

21-nji sentýabrda London polisiýasynyň baş edarasy Sergeý Fedotow diýlip tanalýan adama garşy bilkastlaýyn adam öldürmek, jana kast edişlige synanyşmak, himiki ýaraglara eýe bolmak we olary ulanmak , bedene agyr şikes ýetirmek aýyplamalary boýunça günä bildirmek üçin ýeterlik deliliň ýygnalandygyny mälim etdi.

2018-nji ýylyň martynda Skripal we onuň gyzy Ýuliýa Russiýada öndürilen we “Nowiçok” diýlip tanalýan nerw agentiniň bir görnüşi bolan harby zäher bilen zäherlendi.

Olaryň huşsuz bedeni Britaniýanyň Salisbury şäherinden tapyldy. Olar ölüm howply hüjümden aman galdy.

Britaniýa, mundan ozal, ýurda Ruslan Boşirow hem-de Aleksandr Petrow atlaryny ulanyp, syýahat eden ýene iki GRU ofiserini bu hüjümi amala aşyrmakda aýyplady.

“Bellingcat” derňew saýty Boşirowy Anatoliý Çepiga, Petrowy bolsa Aleksandr Mişkin hökmünde anyklady. Olaryň ikisi-de GRU ofiserleridir.

Resmi ady “Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň baş müdirligi” bolan GRU täze edara däl.

GRU onlarça ýyl bäri ilkibaşda Sowet Soýuzynyň KGB-si bilen, soňra, SSSR dargandan soňra KGB-niň mirasdüşerleri bolan Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) we Daşary ýurt aňtaw gullugy bilen aýakdaş işleýärdi.

XS
SM
MD
LG