Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Prezidentiň doglan gününi bellän ýalydy". Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyny belledi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän seýilgäh. Aşgabat
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän seýilgäh. Aşgabat

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny harby parad, baýramçylyk ýörişleri we konsertler bilen belledi. Koronawirus pandemiýasynyň fonunda, ýurtda berk çäklendirmeler, üýşmeleňleriň, şol sanda ýas çäreleriniň gadagan edilýän we ilatyň yzarlanýan wagtynda häkimiýetler baýramçylyk dabaralaryny geçirdi. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurduň döwletliliginiň ýyl dönümi prezident Berdimuhamedowyň şahsyýet kultynyň ýene-de dabaralanmagy üçin ulanylypdyr.

Bu ýyl hem garaşsyzlyk güni üýşmeleňler, baýramçylyk ýörişleri, aýdym-saz çykyşlary we toý bezegleri bilen utgaşdy. Bu ýyl Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny alanyna 30 ýyl doldy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häkimiýetleriň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiren dabaralary prezidente minnetdarlyk we uzak ömür arzuw etmek ýaly çykyşlar bilen tapawutlanyp, "hamala prezidentiň doglan güni bellenýän ýaly" pikir döretdi.

“Çykyşlaryň we şygarlaryň hemmesi prezidente bagyşlandy, hemmeler oňa uzak ömür arzuw etdi" diýip, habarçymyz aýtdy.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda garaşsyzlyk baýramynyň tutumy şu gezek beýle bir giň däldi, gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň sany çäklidi.

Maryda dabaralar öýlän başlandy. 17:00-da konserte taýýarlyk we 19: 00-da aýdym saz başlandy. Gijräk bolsa feýerwerk atyldy.

Tomaşaçylaryň arasynda ýerli döwlet edaralaryň işgärleri, guramaçylar we talyplar boldy. Mollanepes adyndaky merkezi köçe 17:00-den 21: 00 çenli ýapyldy.

Habarçylar feýerwerkiň Marynyň köp ýaşaýjysy üçin duýdansyzlyk bolandygyny bellediler. Baýramçylyk programmasy barada ilata habar berilmedi. Ýaşaýjylar atlan feýerwerkiň sesini eşidenlerinden soň köçä çykyp başladylar.

"Bu azajygam bolsa, baýramçylyk duýgusyny döretdi. Köpler feýerwerkleri telefonlaryna düşürdiler" - diýip "Azatlygyň ýerli habarçysy gürrüň berdi.

Ýurtda üýşmeleňlere çäklendirmeler saklanýar. Birnäçe hepde bäri dükanlar, hyzmat ulgamynyň kärhanalary we güýmenje desgalary ýapyklygyna galýar, lukmançylyk edaralary we dermanhanalar iň köp adamly ýer bolup galýar.

28-nji sentýabrda welaýatdaky edaralarda we kärhanalarda dezinfeksiýa işleri başlandy. Bu waka bilen baglanyşykly mekdeplerde sapaklar ýatyryldy. 29-njy sentýabrda sapaklaryň täzeden başlamalydygyna garamazdan, mekdep mugallymlary, şeýle hem çagalar baglarynyň terbiýeçileri dezinfeksiýa serişdeleriniň çagalaryň saglygyna zyýan ýetirmezligi üçin ene-atalara çagalaryny öýlerinde galdyrmagy maslahat berýärler.

Lebapda Garaşsyzlyk güni örän çäkli bellendi. Esasy çäre 27-nji sentýabrda irden Türkmenabatdaky Çary Bag seýilgähinde geçirildi. Studentler baýramçylyk konsertine gatnaşdylar. Beýleki seýilgähler, dükanlar, kafeler we beýleki hyzmat ediş desgalary ýapyklygyna galýar. Diňe azyk satýan dükanlar işleýär.

Öňki ýyllardan tapawutlylykda şu gezek baýramçylyk ýarmarkalary bolmady. Bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli köpler bazar bahasyndan azyk satyn alyp bilmediler. Lebapdaky habarçymyz, ençeme ýaşaýjynyň baýramçylykda azyk önümlerini subsidirlenen bahadan satarlar diýen umyt bilen azyk bazarlaryna barandygyny gürrüň berdi.

Birnäçe ýyl bäri ýurduň ilaty azyk ýetmezçiligi, bahalaryň ýokarlanmagy, işsizlik, aýlyk haklarynyň we pensiýalarynyň gijikdirilmegi we nagt pul ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Koronawirus keseli halk üçin ýene bir synaga öwrüldi. Keselhanalar ilata zerur lukmançylyk kömegini bermäge ýetişmeýär. Saglygy saklaýyş edaralarynda we öýde bejergi alýan hassalaryň arasynda ölüm derejesi ýokarlanýar. Gonamçylyklarda işgärler mazar taýýarlamaga we ölenleri jaýlamaga ýetimeýär.

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralar paýtagtda geçirildi. Döwlet telewideniýesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýokary derejeli resmileriň täze gurlan hökümet münberinde durup, parada tomaşa edendigini görkezdi.

Bitarap ýurt bolan Türkmenistan täze satyn alan ýaraglaryny we häzirki zaman harby enjamlaryny görkezdi.

Paradyň geçen ýerinde "Adam. Watan. Beýik serkerdebaşy" diýen şygar ýerleşdirildi. Ýurduň Baş serkerdesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolup, şeýle hem ol ýurduň hökümetine we kanun çykaryjy Halk Maslahatyna başlyklyk edýär.

Ýurduň häkimiýetleri üýşmeleňleriň gadagan edilmegine garamazdan, parad we ýörişler üçin öňünden adamlary üýşürip, repetisiýa geçirdiler. Ähli pudaklara degişli edara-kärhanalaryň işgärleri yzly-yzyna maşk etdiler.

Parad üçin repetisiýalar COVID-19-da görlüp-eşidilmedik derejede ýaýramagynyň we ölüm derejesiniň ýokarlanmagynyň fonunda geçirildi, bu ýagdaýy Türkmenistanyň ýolbaşçylary henizem boýun almak islemeýär.

Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabr aýynda SSSR-den garaşsyzlygyny yglan edip, dargan sowet soýuzyndan aýrylandygyny yglan eden iň soňky respublikalaryň biri bolupdy.

2017-nji ýyla çenli Garaşsyzlyk güni 27-nji oktýabrda, garaşsyzlyk yglan edilen senede bellenipdi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurduň parlamenti bu senäni 27-nji sentýabra süýşürdi. Häkimiýetler senäni üýtgetmek kararyny takyk düşündirip bilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG