Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Garaşsyzlyk baýramynda mugallymlara we okuwçylara mejbury pagta ýygdyryldy


Türkmenistanda emeli gurlan gowaça meýdany. Döwlet TW-sinden alnan surat,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda Garaşsyzlyk baýramçylygy mejbury pagta ýygym çäreleri bilen utgaşdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 28-nji sentýabrda maglumat berdi.

Bu ýyl hepdäniň duşenbe gününe gabat gelen Garaşsyzlyk baýramçylygynyň dowamynda Farap etrabynyň magaryf işgärleri, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary we orta hünär mekdepleriniň okuwçylary üç günläp pagta ýygmak işlerine mejbury çekildi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, mejbury ýygymçylar etrabyň Magtymguly obasynda hem-de ýene bir obasynda ýerleşýän gowaça meýdanlarynda pagta ýygdylar.

Mejbury ýygym işlerine Lebabyň welaýat bilim müdirliginiň işgärleri gözegçilik etdi. Etrabyň 2,4,5,8 we 11-nji mekdepleriniň käbir mugallymlary mejbury ýygymdan şikaýat edýärler.

Türkmenistanda mugallymlara mejbury pagta ýygdyrmak, olary köçe süpürmäge, wagtal-wagtal mekdepleriň aýnalaryny ýuwmaga mejbur etmek, döwlet gözegçiliginde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde mugallymlary tomaşaçy bolmaga mejbur etmek ýaly çäreler indi tas däbe öwrüldi.

Magaryf işgärleri öz wezipelerine dahyly bolmadyk işlere häkimiýetler tarapyndan özleriniň ýyllarboýy mejbur edilmeklerini goldamaýarlar.

“Mugallymlar ýylyň-ýylyna kommunal işlere, oba hojalyk işlerine, köçe süpürmäge, pagta ýygmaga mejbur edilip, özleriniň kärini ýatdan çykaryp barýandyklaryny aýdýarlar” diýip, bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ol öz hünärlerine dahylsyz işleriň 12 aý üznüksiz dowam edýändigini sözüne goşdy.

Mugallymlar ýagdaýa arz-şikaýat bildirýän mahaly, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary özleriniň bilim almak ýaly konstitusion hukuklaryndan mahrum edilişleri barada, ýa-da ýaşlyk döwründe häkimiýetler tarapyndan özleriniň mejbury zähmete çekilişleri barada arz-şikaýatlaryny eşitdirip bilmeýärler.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury zähmeti we çaga zähmetini gadagan edýär. Ýöne ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň hasabatlaryna görä, iş ýüzünde türkmen häkimiýetleri pagta önümçiliginde ýyllarboýy çaga zähmetinden ýa-da mejbury zähmetden peýdalanyp gelýärler.

Bu aralykda, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtda pagta hasylynyň esasan kombaýnlar bilen ýygnalýandygyny, el güýjüniň bolsa “ýokary ruhubelentlik bilen” meýletin ýagdaýda ýygym işlerine goşant goşýandygyny öňe sürýär.

Türkmenistanyň hökümetiniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagy soňky birnäçe ýyl bäri halkara derejesinde rezonans döredip gelýär. Martyň ahyrlarynda düýbi Britaniýada ýerleşýän Etiki söwda başlangyjy (ETI) dünýäniň global moda markalaryny türkmen pagtasyndan el çekmäge çagyrdy. 2018-nji ýylyň maýynda ABŞ-nyň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň hem-de türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň importyna gadaganlyk girizdi. 2016-njy ýylda “H&M”, “Espirit”, “Adidas”, “IKEA” ýaly global brendler Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyna alada bildirdiler.

Özleriniň pagta ýygmaga mejbur edilmeginden şikaýat eden mugallymlar, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde, iş ýükleriniň köp bolmagyndan hem-de aýlyk haklarynyň az bolmagyndan hem şikaýat etdiler.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda häkimiýetleriň goşmaça talaplary bilen razylaşmaýan býujet işgärlerine işden kowulmak haýbatlarynyň atylýandygyny habar berdiler. Goşmaça talaplar köplenç býujet işgärlerinden dürli bahanalar bilen pul ýygnalmagyny, olaryň pagta ýygymyna çekilmegi ýaly mejbury işleri öz içine alýar.

Garaşsyzlyk güni pagta ýygmaga mejbur edilen mugallymlar we okuwçylar barada Lebap welaýatynyň bilim bölüminden kommentariý almak synanyşyklarymyz netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG