Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW “Talybanyň” Owganystandaky “Mediýa azatlygyny bogýandygyny” aýdýar


Kabul. Media we maglumat merkeziniň binasynyň içinde goýlan talyp baýdagy.
Kabul. Media we maglumat merkeziniň binasynyň içinde goýlan talyp baýdagy.

“Talyban” awgust aýynda Owganystany ele geçireli bäri "metbugata we söz azatlygyna giň çäklendirmeleri" girizdi diýip, adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy (HRW) aýdýar.

Talyplaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet sentýabryň aýagynda owgan žurnalistleriniň berjaý etmeli düzgünleriniň sanawyny hödürledi, tankytçylar bu düzgünleriň senzura we ýanamalara ýol açýandygyny aýdýarlar.

"Talybanyň" yslam gymmatlyklaryna hormat goýýan habar beriş serişdeleriniň işlemegine rugsat berjekdigi barada beren wadalaryna garamazdan, täze düzgünler ýurtdaky metbugat azatlygyny bogýar” diýip, HRW guramasynyň Aziýa bölüminiň müdiri Patrisiýa Gosmanyň 1-nji oktýabrdaky beýanatynda aýdylýar.

"Talyban" awgust aýynyň ortalarynda häkimiýeti ele geçireninden soň, "yslam ýörelgelerine" laýyk işläp, adalatly we "milli bähbitlere" hyzmat eden halatynda, garaşsyz habar beriş serişdeleriniň "azat we garaşsyz" bolup galjakdygyny aýtdy.

"Talyban" 19-njy sentýabrda žurnalistler üçin 11 sany täze düzgüni yglan etdi, olarda "yslama ters", "milli şahsyýetleri kemsidýän" ýa-da "şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini" bozýan habarlary ýaýratmak ýa-da çap etmek gadagan edilýär.

XS
SM
MD
LG