Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykda ýaşan öňki prezident Gürjüstana gaýdyp gelendigini aýdýar


Mihail Sakaşwili
Mihail Sakaşwili

Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Sakaşwili tussag edilip bilinjekdigi barada berlen polisiýa duýduryşlaryna garamazdan, sekiz ýyl aýralykdan soň, öz ýurduna gaýdyp gelendigini aýtdy.

1-nji oktýabrda Facebookda ýerleşdirilen wideoda Sakaşwili özüniň Batumi şäherindedigini habar berdi.

Bu habary bada-bat tassyklap bolmady. Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi bu beýannama bada-bat düşündiriş bermedi.

Häzirki wagtda Ukrainada ýaşaýan Sakaşwili şu hepdäniň başynda 2-nji oktýabrda, Gürjüstanda ýerli saýlawlaryň geçiriljek güni "ýurdy halas etmek" üçin Tbilisä uçmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Premýer-ministr Irakli Garibaşwili gaýdyp gelse, polisiýanyň Sakaşwilini tussag etjekdigini aýtdy.

Prezidentiň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we oppozisiýa kanun çykaryjysynyň ýenjilmegi baradaky subutnamalary ýaşyrmakda günäli tapylan Sakaşwili 2018-nji ýylyň iýun aýynda Gürjüstanyň kazyýeti tarapyndan gaýybana alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.

XS
SM
MD
LG