Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow 29-njy sentýabrda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Amir Han Muttaki bilen duşuşdy.
Türkmen DIM-niň websaýtynda çap edilen habarda owgan resmisiniň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny gutlap, resmi Aşgabadyň owgan halkyna iberýän yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin minnetdarlyk bildirendigi aýdylýar.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtap, özara haryt dolanşygyny artdyrmak, iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklaryny guramak barada maslahatlaşdylar diýip, habarda aýdylýar.