Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilat ýazuwy 'Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek' şygary astynda geçiriler


Ilat ýazuwynyň nyşany

Türkmenistanyň nobatdaky ilat ýazuwy “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygar astynda geçiriler. Ilat ýazuwynyň nyşanyny bolsa, Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri bezär.

TDH Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwynyň şygaryny we nyşanyny tassyklandygyny habar berýär.

Ilat ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary Statistika baradaky döwlet komitetinde taýýarlanypdyr.

Döwlet baştutany geljek ýylda geçiriljek ýazuwyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurduň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň anyk netijeleri, ýurduň ilat sany we ýaşaýyş jaý gorunyň ýagdaýy uzak wagtlap belli bolmady.

Ýurtda dörän agyr ykdysady krizis we esasy adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistany on müňlerçe raýatyň terk edendigi aýdylýar.

Emma resmi Aşgabat işsizlik, keselçilik, ilatyň köpçülikleýin ýurtdan gidýändigi barada syzýan habarlara açyk düşündiriş bermeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG