Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanowa, içeri işler ministri Hojanyýazowa “berk käýinç” berdi


Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat (arhiw suraty)
Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat (arhiw suraty)

Türkmensitanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat Kakalyýewiçe we içeri işler ministri Hojanyýazow Öwezdurdy Geldiýewiçe “berk käýinç” yglan etdi.

Hojanyýazow Öwezdurdy
Hojanyýazow Öwezdurdy

4-nji oktýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Berdimuhamedow Amanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy, şeýle-de Hojanyýazowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin nägile boldy. Adatça bolşy ýaly, ýokary derejeli resmileriň anyk kemçilikleri aýan edilmedi. Berdimuhamedow iki resmä aýdyňlaşdyrylmadyk kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmek barada soňky gezek duýduryş hem berdi.

Amanow 2020-nji ýylyň ýanwarynda Ministrler kabinetinde täze döredilen wise-premýerlik wezipesine we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlygyna bellenipdi. Hojanyýazow mundan üç aý ozal içeri işler ministri bolupdy.

Mundan başga-da, şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça geçirilen mejlisde Berdimuhamedow Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşatdy we onuň ýerine Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganowy belledi.

XS
SM
MD
LG