Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Çakyýewi içeri işler ministri wezipesinden boşatdy


Çakyýewiň anyk haýsy wezipä geçýändigi aýdyňlaşdyrylmady.
Çakyýewiň anyk haýsy wezipä geçýändigi aýdyňlaşdyrylmady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewi, bu wezipä bellenmeginden iki ýyldan hem az wagtyň içinde, “başga işe geçýändigi sebäpli” eýeleýän wezipesinden boşatdy.

1-nji iýulda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde polisiýanyň general-maýory Çakyýewiň anyk haýsy wezipä geçýändigi aýdyňlaşdyrylmady.

Berdimuhamedowyň kararynyň öňýany, Çakyýew garamagyndaky ministrligiň 2021-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat beripdi.

Şol bir wagtda, prezidentiň Çakyýewi wezipesinden boşatmak baradaky kararyna nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň täze içeri işler ministri wezipesine Öwezdurdy Hojanyýazow bellendi. Ol mundan öň içeri işler minstriň orunbasary wezipesini eýeleýärdi. Prezidentiň beýleki buýrugy bilen Hojanyýazowa polisiýanyň polkownigi çini berildi.

Çakyýew 2019-njy ýylyň oktýabrynda içeri işler ministri wezipesine bellenipdi. Ministr döwri oňa iki gezek - 2020-nji ýylyň sentýabrynda we şu ýylyň iýunynda "berk käýinç" berlipdi.

Geçen ýyl Çakyýewiň "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde kemçilikleri goýberendigi" aýdylan bolsa, soňky gezek onuň "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy" bellenipdi. Geçen aý Çakyýewe ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada soňky gezek duýduryş hem berlipdi.

IIM-niň ýolbaşçylary ýygy-ýygydan, köplenç açyk aýdylmaýan "kemçilikleri" sebäpli täzelenip durýar. Synçylar soňky otuz ýyldaky 12 ministriň arasynda Poran Berdiýew bilen Isgender Mulikowyň öz wagtynda döwlet baştutanyna iň ýakyn duran we soň has agyr jeza çeken resmiler bolandygyny belleýärler.

Ýatlatsak, IIM-niň ministri wezipesinde iň köp saklanan we ahyrynda korrupsiýada aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Isgender Mulikow döwlet TW-sinde kellesi syrylan, eli gandally ýagdaýda görkezildi.

Bellemeli ýeri, Çakyýew ozal korrupsiýa garşy göreşde biraz özüni görkezen resmidi we onuň ministrlige bellenmeginiň yzysüre polisiýa işgärleriniň para almakdan çekinýändigi barada maglumatlar gelip gowuşdy. Emma habarçylar soň parahorlugyň ýene ozalkylary ýaly dowam etdirilendigini habar berdiler.

Ýurduň täze içeri işler ministri Hojanyýazow ministriň orunbasary wezipesine 2018-nji ýylyň ýanwarynda bellenipdi.

Şu ýylyň 27-nji iýunynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçiripdi. Prezident bilen maslahat geçirenleriň biri - ýurduň saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesowdy, beýlekisi hem şol wagtky ministriň orunbasary, şeýle-de toparyň başlygynyň orunbasary Hojanyýazowdy.

Türkmenistanyň öňki içeri işler ministri azatlykdan mahrum edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:40 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG