Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain kanun çykaryjylary parlament spikeri Razumkowy işden aýyrmak üçin ses berdi


Ukrain parlamentiniň spikeri Dmitro Razumkow
Ukrain parlamentiniň spikeri Dmitro Razumkow

Ukrain kanun çykaryjylary parlament spikeri Dmitro Razumkowy wezipeden aýyrmak boýunça ses berdi. Bu ses berişlik Razumkow bilen hökümet başyndaky “Halkyň hyzmatkäri” partiýasynyň arasynda gapma-garşylyk bar wagty geçirildi.

Jemi 284 kanun çykaryjy, şol sanda häkimiýet başyndaky partiýanyň 215 kanun çykaryjysy, 7-nji oktýabrda Razumkowy wezipeden aýyrmak üçin ses berdi.

Razumkow prezident Wolodymyr Zelenskiýniň wezipä saýlanmagyndan birnäçe aý soňra, 2019-njy ýylda parlament spiker wezipesine girişmezden ozal, “Halkyň hyzmatkäri” partiýasynyň agzasydy.

Ol oligarhlaryň syýasata we iş dünýäsine täsirini çäklendirmegi maksat edinýän kanunyň gyssagly kabul edilmegine aç-açan garşy çykdy.

3-nji oktýabrda Zelenskiý Razumkow “mundan beýläk biziň toparymyzyň agzasy däl” diýip, ony köpçülikde tankyt etdi we munuň yz ýany, häkimiýet başyndaky partiýa Razumkowy wezipeden aýyrmak prosesine girişdi.

XS
SM
MD
LG