Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Microsoft: Geçen ýyl döwlet tarapyndan goldanýan kiberhüjümleriň köpüsine Russiýa jogapkär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Microsoft, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän hakerleriň köpüsiniň Russiýa degişlidiginiň programma üpjünçiligi boýunça ägirtleriň soňky bir ýylda ýüze çykarandygyny we hakerleriň esasan ABŞ-nyň döwlet edaralaryny we aňtaw merkezlerini nyşana alýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň kompaniýasy 7-nji oktýabrda çap eden hasabatynda tölegli programma üpjünçiligi bilen bagly hüjümleriň barha artýan howplaryna ünsi çekdi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şu wagta çenli iň köp nyşana alynýan ýurtdygyny belledi.

Microsoftyň hasabatyna pudak bilermenleri we hökümetler üns bilen syn edýärler, kompaniýanyň programma üpjünçilik önümleri dünýäde örän giňden ulanylýar.

Hasabat Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kiber hüjümler we töleg programma üpjünçiligi bilen bagly howplary barada yzygiderli edýän duýduryşlarynyň yzýany çap edildi.

Microsoft programma üpjünçiligindäki gowşaklyklardan peýdalanan “Solar winds” atly haker hüjümi ABŞ-nyň federal agentliklerine çuňňur aralaşdy. Bu hüjüm geçen ýylyň ahyrynda uly täsir döretdi we ABŞ-nyň resmileri Russiýanyň SVR ady bilen tanalýan daşary ýurt aňtaw gullugyny bu hüjümde aýyplady.

SVR, Russiýanyň harby aňtaw gullugy, GRU we esasy içerki howpsuzlyk gullugy FSB bilen bilelikde işjeň kiber operasiýalary, içalyçylyk we zyýanly hüjümler ýaly hereketler bilen tanalýar.

Microsoftyň hasabatynda beýleki ýurtlar Demirgazyk Koreýa, Eýran we Hytaý hem agzaldy.

Hasabatda 2020-nji ýylyň iýun aýyndan 2021-nji ýylyň iýul aýy aralygynda maglumatlarda beýan edilen döwlet tarapyndan goldanýan haker synanyşyklarynyň 10-dan diňe biriniň Hytaýa degişli bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG