Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi


Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň Wenadaky duşuşygy

8-nji oktýabrda Awstriýanyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi. Bu barada çärä gatnaşyjylaryň biri “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 10-njy oktýabrda habar berdi.

Maglumata görä, gatnaşyjylar Türkmenistandaky ýagdaýlary, hususanda: ýurtdaky adam hukuklarynyň bozulmagyny, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň ýagdaýlaryny, epidemiologiýa ýagdaýyny (türkmen häkimiýetleriniň COVID-19-y inkär etmegini), korrupsiýany, halkara guramalary, maliýe institutlary we hökümetler bilen özara işleşmegi we beýleki meseleleri ara alyp maslahat edipdirler.

Duşuşyga gatnaşyjylar:

  • Täjigül Begmedowa, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy
  • Wýaçeslaw Mämedow, Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşigi
  • Timur Misrihanow, Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler assosasiýasy
  • Ruslan Mätiýew, “Turkmen.News” neşiri
  • Çemen Öre, “Turkmenia Unite” topary
  • Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy
  • Ruslan Tuhbatullin, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri
  • Annadurdy Hajyýew, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy
  • Nurmuhammet Hanamow, Türkmenistanyň Respublika partiýasy

Çärä ýene başga-da aktiwistleriň gatnaşandygy bellenilýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG