Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa Norwegiýadaky hüjümçiniň yslam dinini kabul edendigini aýdýar


Hüjümden soň Norwegiýada adatça ýaragsyz polisiýa işgärlerine bütin ýurt boýunça ýarag götermek tabşyryldy.
Hüjümden soň Norwegiýada adatça ýaragsyz polisiýa işgärlerine bütin ýurt boýunça ýarag götermek tabşyryldy.

Norwegiýadaky ok-ýaý hüjüminde bäş adamy öldürmekde güman edilýän 37 ýaşly daniýaly yslam dinini kabul eden we, radikallaşma gorkusy sebäpli, häkimiýetleriň gözegçiliginde saklanan adam diýip, polisiýa 14-nji oktýabrda aýtdy.

13-nji oktýabr agşamy paýtagt Oslodan 68 km günorta-günbatarda ýerleşýän Kongsberg şäheriniň dürli ýerlerinde bolup geçen hüjümlerde polisiýa işgäri bilen birlikde ýene iki adam ýaralandy.

"Onuň radikallaşma bilen baglanyşygy baradaky gorky-howatyrlar öňräkden bäri bardy" diýip, Norwegiýanyň polisiýa resmisi Ole Bredrup Saeverud žurnalistlere aýtdy we polisiýanyň bu adamy 2020-nji ýylda gözegçilikde saklandygyny hem sözüne goşdy.

Polisiýa bu hüjümiň mümkin bolan sebäpleri barada hiç zat aýtmady.

Bu hüjüm Norwegiýada 2011-nji ýylda, aşa sagçy ekstremist Anders Behring Breýwik 77 adamy öldüreli bäri guralan iň erbet zorluk boldy. 2011-nji ýylda öldürilenleriň köpüsi ýaşlar lagerindäki ýetginjekler bolupdy.

Derňewçiler bu hüjümleriň terrorçylyk hereketine degişlidigine ýa däldigine seredýärler.

Aklawçysynyň aýtmagyna görä, polisiýa şübheli adamy sorag edýär we ol häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Hüjümden soň Norwegiýada adatça ýaragsyz polisiýa işgärlerine bütin ýurt boýunça ýarag götermek tabşyryldy.

XS
SM
MD
LG