Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi


TW Halk maslahatynyň agzalarynyň öz başlyklaryny ör turup, “şöhrat” sözleri bilen garşylaşyny we soň ýene ör turup, alkyş bilen ugradyşyny görkezdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi.

Türkmen telewideniýesi onuň awtoulagynyň boş köçeden ýygnagyň geçjek ýerine gelşini, Halk maslahatynyň agzalarynyň öz başlyklaryny ör turup, “şöhrat” sözleri bilen garşylaşyny we maslahat tamamlanandan soň ýene ör turup, alkyş bilen ugradyşyny görkezdi.

TDH Dünýägözel Gulmanowanyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine, Seýdi Jumaýewiň bolsa bu komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine biragyzdan saýlanandygyny habar berýär.

Döwlet TW-siniň sýužetlerinden görnüşine görä, guramaçylyk meseleleri öňünden ylalaşylan teklipler boýunça çözülene meňzedi.

Soňky ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, Türkmenistanda jogapkär wezipelere bellenilýän ýa-da saýlanylýan resmiler köplenç açyk çekişmesiz, jemgyýetçilik bilen maslahatlaşmazdan, ýokardan berlen görkezme esasynda işe başlaýar we işden boşadylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG