Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak žurnalistleri 1,5 ýyl gowrak wagtdan soň ilkinji gezek parlament binasyna goýberildi


Arhiw suraty

14-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda Senatyň ilkinji oflaýn ýygnagy geçirildi we oňa žurnalistler hem gatnaşdy. Bu geçen bir ýyl ýedi aý wagt içinde metbugat wekilleriniň Senatyň binasyna ilkinji gezek girişi boldy.

Parlamentiň ýokarky palatasy, koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler esasynda, metbugat wekilleri üçin ýapyk saklanýardy.

“Karantin entek gutaranok. Öň metbugat merkezinde 50–100 adama çenli kabul edilýärdi, häzir biz her bir habar serişdesinden bir adamyň bolmagyny soraýarys. Bu jemgyýetçilik aralygyny saklamak üçin zerur” diýip, Senatyň metbugat gullugynyň başlygy Daniýar Ramazanow aýtdy.

Gazagystanyň žurnalistler jemgyýeti sentýabr aýynyň aýagynda prezident Kassym-Žomart Tokaýewe ýüz tutup, metbugat wekilleriniň parlamente we hökümet binalaryna girip bilmek mümkinçiligini üpjün etmäge çagyrdy.

Gazak metbugatynda ençeme gezek aýdylmagyna görä, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary koronawirusy bahana edip, özlerini habar beriş serişdelerinden çetde tutýarlar we maglumat elýeterliligine päsgelçilik döredýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG