Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Rus watandaşlarynyň Bütindünýä kongresinde Russiýanyň garyşyk nikaly çagalara awtomatiki usulda raýatlyk bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
"Garyşyk nikaly maşgala nirede ýaşaýan-da bolsa, garyşyk nikadan doglan çaga haýsy ýerde, Russiýada ýa-da daşary ýurtda dünýä inse-de, biz onuň Konstitusiýa laýyklykda, awtomatiki usulda raýatlyk almalydygyna ynanýarys" diýip, Lawrow aýtdy.
Döwlet dumasynyň başlygynyň orunbasary Anna Kuznetsowa Lawrowyň inisiatiwasyny goldady. Onuň pikiriçe, rus raýatlygyny awtomatiki usulda almak "köp maşgala üçin peýdaly bolar we durmuşyň dürli meselelerini has aňsat çözmäge kömek eder".
"Çaga ulalansoň, özüniň haýsy döwletiň raýaty boljakdygyny özbaşdak kesgitläp biler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Federasiýa Geňeşiniň halkara gatnaşyklary komitetiniň agzasy Sergeý Tsekow bu hili kanunçylyk üýtgetmeleriniň hökümetden gelýändigini aýtdy. Şeýle-de ol öz watandaşlarynyň, şol sanda Ukrainada we Belarusda ýaşaýan ildeşleriniň raýatlyk almagynyň ýönekeýleşdirmelidigini aýdýar.
Rus raýatynyň we daşary ýurtlynyň nikasynda doglan çaga kanun esasynda häzirem rus raýatlygyny ýönekeýleşdirilen görnüşde alyp bilýär, ýöne munuň üçin arza bermeli.