Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus türmelerindäki zorluk-sütemleri açan wideo çeşmesi Fransiýa gaçdy


Gulagu.net neşiriniö çeşmesi bolan Sergeý
Gulagu.net neşiriniö çeşmesi bolan Sergeý

Orsýetiň jeza edaralarynda giň ýaýrandygy aýdylýan gynamalar we jynsy zorluklar baradaky maglumatlar toplumynyň, şol sanda wideolaryň çeşmesi bolan adam, syýasy gaçybatalga soramak üçin, Fransiýa gaçdy.

Bu habar 16-njy oktýabrda tanymal hukuk goraýjy, adam ganylmagyna garşy göreşýän Gulagu.net neşirini dolandyrýan Wladimir Oseçkin tarapyndan tassyklandy.

Ol ozal özüni diňe Sergeý diýip atlandyran çeşmäniň syzdyran wideolarynyň köpüsini ilki bolup çap edipdi.

Gulagu.net neşiriniň maglumatyna görä, Sergeý 16-njy oktýabrda Demirgazyk Afrikada ýerleşýän bir ýurtdan uçan uçar bilen Fransiýanyň Çarlz De Goll howa menziline geldi. Onuň bu ýere gelen badyna, gaçybatalga soramak üçin, howa menzilindäki polisiýa ýüz tutandygy aýdylýar.

Şeýle-de neşir öz Telegram kanalynda sergeý diýip atlandyran çeşmesiniň howa menzilinde düşen suratyny çap etdi.

Gulagu.net 4-nji oktýabrda türme tussaglarynyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) we Federal jeza gullugynyň (FSIN) işgärleri tarapyndan gynalyşyny görkezýän wideolaryň birinji toparyny çap edip başlady.

XS
SM
MD
LG