Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmedäki täjik oppozisiýa lideri günä geçişlikden ýüz öwürýär, doly aklanmagy talap edýär


Mahmurod Odinaýew
Mahmurod Odinaýew

Täjigistanyň Sosial demokratik oppozisiýa partiýasynyň başlygynyň türmedäki orunbasary Mahmurod Odinaýew özüniň doly aklanyp, dessine boşadylmagyny talap etdi we köpçülikleýin günä geçişlikde özüniň türme möhletini gysgaltjak resminamalara gol çekmekden ýüz öwürdi.

Odinaýewiň ogly Habibullo Rizoýewiň 18-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Täjigistanyň 30 ýyllyk garaşsyzlygyna bagyşlanýan köpçülikleýin günä geçişlik öz kakasynyň 14 ýyllyk türme möhletini üç ýyl kemelderdi.

“Meniň kakam günä geçişlik boýunça döwlet komiteti tarapyndan hödürlenen kagyzlara gol çekmekden ýüz öwürdi. Ol özüniň bigünädigini we derhal boşadylmalydygyny aýtdy. Kagyza gol çekmek bilen, kakam günäni gytaklaýyn boýun almaly bolardy. Ýöne ol özüniň asla etmedik işini asla boýun almajakdygyny aýtdy” diýip, Rizoýew aýtdy.

Bu aralykda, Täjigistanyň Döwlet jeza gullugynyň bir resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Odinaýew kagyza gol çekmekden ýüz öwürse-de, onuň türme möhletiniň üç ýyl kemeldiljekdigini aýtdy.

59 ýaşly Odinaýew 14-nji ýanwarda "huligançylykda" we "ekstremizme çagyrmakda" günäkärlenip, 14 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Odinaýew we onuň tarapdarlary aýyplamalary ret etdi.

Ol Facebook ulgamynda post goýup, Duşenbäniň häkimi Rustam Emomaliden özüne we Sosial demokrat partiýanyň tarapdarlaryna iýmit önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy boýunça demonstrasiýa geçirmäge rugsat sorandan soňra, geçen ýylyň noýabr aýynda ýitirim boldy.

5-nji dekabrda Täjigistanyň Baş prokuraturasy Odinaýewiň Duşenbede tussag edilendigini boýun aldy.

XS
SM
MD
LG