ABŞ-da Federal derňew býurosy (FDB) rus oligarhy Oleg Deripaskanyň Waşingtondaky öýünde "derňew işlerini" geçirýär diýip, FDB-nyň wekiliniň beýanatynda aýdylýar.
NBC News telekanaly öz habarçylarynyň Deripaskanyň FDB agentleri tarapyndan gurşalan öýüniň golaýynda bolandygyny habar berdi.
FDB işgärleri rus oligarhynyň öýüne girdiler. Geçirilýän barlagyň sebäpleri häzirlikçe aýan edilmedi.
Milliarder we nebit şasy Oleg Deripaska prezident Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşykdaky adamlaryň biri hökmünde tanalýar. Oligarh ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň 2018-nji ýylyň aprelinde gadaganlyga salan 20 resmisiniň we telekeçisiniň sanawyna girizildi.
“Washington Post” gazetiniň maglumatyna görä, Deripaskanyň Waşingtondaky öýi 2100 inedördül metrden gowrak meýdany tutýar.
Bu jaý Waşingtondaky rus ilçihanasyndan bir ýarym kilometr uzaklykda we ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň golaýynda ýerleşýär. Bu jaýyň ýedi sany ýatylýan otagy, italýan mermerinden edilen pollary we bir wagtlar Pariž operasynda asylandygy aýdylýan lýustrasy bar.