Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkende bir aýaly aldap, 3 müň dollarlyk şaý-sepini alan palçy tutuldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Daşkentde bir aýaly aldap, 32 million sum, 3 müň dollar çemesi pula durýan şaý-sepini alan palçy tussag edildi.

Aýdylmagyna görä, Odina atly aýal çagalary bilen gezmäge çykanda, onuň ýanyna bir nätanyş aýal gelýär. Ol aýal özüni Ýulduz diýip tanadýar we ata-babadan gelýän palçylyk hünäri bilen meşgullanýandygyny gürrüň berýär. Soň ol Odinany gorkuzmaga başlap, ýakyn wagtda onuň çagalarynyň betbagtlyga uçrajakdygyny: olaryň näsaglajakdygyny we hatda ölüp hem biljekdigini aýdýar.

Şeýlelikde, palçy Odinanyň çagalaryna degen “gözi” aýyrmak wadasyny berýär we çagalaryny ýitirmekden gorkan ene oňa, öz gezeginde, 31,9 million sum bahasy bolan şaý-sepleri bilen töleg töleýär. Palçy aýal şondan soň elinden gelenini etjegini aýdyp, gözden uçýar.

Odina birnäçe sagatdan soň aldanandygyna düşünýär we hukuk goraýjy edaralara ýüz tutýar. Gyssagly geçirilen gözleg işleri wagtynda 30 ýaşly Ýulduz tussag edildi we oňa Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 168-nji maddasynyň 2-nji bölümi, kezzaplyk boýunça günä bildirildi.

XS
SM
MD
LG