Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Neşe söwdagärleri meniň ýaşlygymy ogurladylar..."


Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Respublikan narkologiýa merkezinde 8,5 müňden gowrak adam hasapda durýar. Ýöne resmi däl maglumatlara görä, neşekeşleriň sany 25 müň adamdan geçýär. Soňky döwürde geroiniň bahasy ýokarlandy, şonuň üçin neşekeşleriň köpüsi duz erginli we sintetiki dermanlara geçýärler.

«Garpyz düşürdim neşekeş boldum...»

45 ýaşly wraç-psihiatr Georgiý Kawtaradze "Narkologiýa alternatiwasy" jemgyýetçilik gaznasynda aklawçy-maslahatçy bolup işleýär. Ol 13 ýaşynda neşe serişdesini kabul edip başlapdyr. Geçen 15 ýylyň dowamynda, neşe serişdeleriniň ähli görnüşini diýen ýaly synap görüpdir.

Georgiý Kawtaradze
Georgiý Kawtaradze

“Bu erbet ýola meň (gaşiş) çekmekden başladym. Bary-ýogy 13 ýaşymdadym, 7-nji synpda okaýardym. Bir gezek goňşymyzyň ogly garpyz ýüklenen KamAZ-y düşürişmek üçin, kömege çagyrdy. Biz agşama çenli işledik. Maşynyň sürüjisi töleg hökmünde bize meň berdi. Ol maşynyndaky gizlin bölümi açyp, ýaşyl otlary görkezdi-de: "Eger muny çilim ýaly edip çekseňiz, hakyky lezzet alarsyňyz" diýdi. Ýetginjek hiç zada düşünmeýär ahyryn! Uly ýigitlere öýkünip, meň çekdim. Öýümiziň golaýynda çagalar bagy bardy, agşamlyk hezil etmek üçin, ol ýere gidenim ýadyma düşýär. Boş howza böküp, kellämi ýardyrdym. Soň meniň dostlarymyň köpüsi neşekeş boldular. 1993-nji ýylda tirýek ulanmak ýörgünlidi. Soňra medisina institutyna girdim, birinji kursda okaýardym. Dört ýyllap tirýek ýa-da meň ulandym, okuwy gutarmankam geroine geçdim. 1999-njy ýylda Gyrgyzystana geroin getirildi we mugt paýlanyp başlandy. Merkezi metjidiň golaýyndaky bir dar köçäniň ugrunda, ony islän adama mugt berdiler. Soň görem, bizi geroine örklejek bolup edilýän eken, biz muny bilemzokdyk" diýip, Kawtaradze geçmişi ýatlaýar.

Georgiý Kawtaradze 2000-nji ýylda Gyrgyzystanyň döwlet medisina akademiýasyny gutaryp, ordinatura girýär. Şol ýyldan ol neşäni özüne sanjym edip başlaýar. Keselhanada işleýändigi üçin, zerur dermanlary tapýar.

“Meniň ýakynlarym?.. Men olardan köp wagtlap gizlendim. Olar maňa öz durmuşyny gurup biljek akylly ogul hökmünde garýardylar. Kakam hemişe: "Oglum pedofil ýa-da neşekeş bolup çyksa, oňa men çydamaryn, özümi ataryn" diýýärdi. Neşekeşdigimi boýun alyp, kakamdan ötünç soranymda, ol çydap bilmedi – insulty iki gezek başdan geçirdi. Ikinji gezek insult alanda, men metadon bejergisini (neşä baglanan agyr kesellileri bejerişiň bir usuly – Red. ) alýardym. Kakama damjaly sanjym iňňesini özüm goýup, hem ogullyk borjumy, hem wraçlyk borjumy ödejek bolýardym. Kakam ýogalmazyndan üç ýyl öň bejergi alýardym. Ol meniň gowulaşandygymy görüp bildi" diýip, Georgiý Kawtaradze gürrüň berýär.

Georgiý öz mysalyndan ugur alyp, neşekeşleriň köplenç jenaýata baş goşýandygyny hem agyr sarsgyny başdan geçirýändigini aýdýar:

15 ýyldan gowrak ömrümi biderek sarp etdim. Ömrümiň iň gowy ýyllaryny neşä berenime gynanýaryn. Diňe özümi däl, öz ýakynlarymy-da horladym. Neşä sarp edilen pullary sanamagyň-a ähmiýeti-de ýok: olary goşsaňyz, diňe birnäçe awtoulag däl, eýsem uçar satyn alyp bolardy. Hossarlarymda bolan bar zady – soňky ýüplüge çenli... Ähli ýuwelir-bezeg gap-gaçlary, ejemiň hem mamamyň sandygyndaky şaý-seplerini... Diňe bir gezek neşe çekmek üçin, bar zady satdym.

Ýetginjekler sintetiki dermanlara örklenýärler

Georgiý hünäri boýunça wraç-psihiatr. Ol üç ýyldan gowrak wagt bäri neşe serişdesini ulanmagy bes etdi. Özi on ýyldan gowrak wagt bäri bejergi alýar, häzirki wagtda bolsa neşekeşlere mugt maslahat berýär.

Onuň sözlerine görä, neşekeşlikden dynmak üçin, neşe serişdesini näçe ýyllap kabul eden bolsaň, şonça ýyl hem metadon bejergisini geçmeli. Ol soňky döwürde neşe serişdesini ulanýan ýaşlaryň sanynyň artýandygyny, munuň bolsa wagtyndan öň ölüme sebäp bolýandygyny düşündirýär.

“Geroin gymmat. Şonuň üçin köpler sintetiki dermanlara geçýärler. Russiýadan "dermanhana" diýilýän derman, şeýle hem arzan dermanlar getirilýär. Kodein dermanlary adamyň saglygyna gaty zyýanly. Ýakynda bir tanşymyz bu sebäpli öldi. Geroin alýanlar tas bir ýaşdaky adamlar, ýagny 1990-njy ýyllarda ýaşlykdan neşekeş bolan nesil. Häzirki döwürdäki ýetginjekler sintetiki dermanlary ulanýarlar. Dostumyň 13 ýaşly gyzy maňa mekdep okuwçylarynyň sintetikany ysgaýandygyny aýtdy. Ysgaýarlar ýa-da çekýärler. Neşe serişdeleri bolsa ýaş bedeni döwýär. Ilki başda çekýärler, soň ysgaýarlar, ahyrynda iňňä oturýarlar" diýip, wraç-psihiatr aýdýar.

Metadon bejergisi – metadon dermanlary arkaly agyr neşä ýoluganlary bejermegiň alternatiw usulydyr. Bütindünýä Saglyk Guramasy bu bejerginiň diňe bir geroin endiklerini bejermek bilen çäklenmän, eýsem WIÇ we inçekesel ýaly keselleriň hem öňüni alýandygyny tassyklady. Bu usul 2009-njy ýyldan bäri dünýäniň 109 ýurdunda ulanylýar we millionlarça näsag şu usul bilen bejerilýär.

Näsaglaryň köpüsi diňe bir neşe serişdesini ulanmagy bes etmän, eýsem jemgyýete ýaňadan goşulmaga, iş gözlemäge we ýokanç keselleriň öňüni almak çäresini öwrenmäge synanyşýarlar. Gyrgyzystanda metadon bejergisi ulanylýan 24 bölüm bar.

«Neşeden meni söýgi halas etdi...»

Beýleki söhbetdeşimiz Rustam (ady üýtgedildi). Ol kyrk ýaşdan geçen. Ol hem ýaşlygynda neşekeş bolup, häzir metadon bejergisini alýar.

Neşekeşlik sebäpli Rustam durmuşa bolan höwesini hem adamlara gyzyklanmasyny ýitiripdir. Ol bu dertden çykyp bilmän, türmä-de düşüpdir. Birnäçe ýyl ozal Lena atly bir gyz bilen duşuşandan soň, düzelmek ýoluna başlaýar.

Meniň durmuşym 180 dereje beýlesine öwrüldi. Içimde düýbünden başga duýgular, ýaşamak höwesi ýüze çykdy. Öň diňe geroin hakda pikir edýärdim, indi aýalym hakda pikir edýän. Ozal özümi jemgyýet üçin zerur däl ýaly duýýardym, indi söýgim üçin üýtgemek isleýärin – Lenanyň söýgüsi bar zady üýtgetdi. Özüme ynam döredi, ahyrsoňy neşekeşlikden dynyp biljekdigime, bir gün erkin adam boljakdygyma ynanyp başladym. Meniň esasy arzuwym, neşe serişdeleri bilen bagly günlerimi edil ýaramaz düýş ýaly ýatdan çykarmak. Häzir men beýleki neşekeşlere öz maslahatym bilen kömek edýän. Olara ýokanç keseller barada gürrüň berýän. Elbetde, men bilermen derejesinde işläp bilmesem-de, maňa ynanýan we meniň kömegime mätäç adamlar bar. Neşekeşlige garşy göreşde öz goşandymy aýdyp bilerin – diýip gürrüň berýär.

Bilermenleriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Gyrgyzystanda neşe serişdelerini duz erginli we tabletka – derman görnüşinde ulanýanlar köp. Umumy alnanda, neşekeşligiň agyr ýagdaýyndan gutulmak üçin, 1046 adam metadon bejergisinden geçipdir we ýene-de 900 töweregi adam bejergi alýar.

Gyrgyzystanda metadon bejergisi birnäçe ýyl ozal başlanypdy. Bu usul bilen bejerilen 867 adam resmi taýdan hasaba alyndy, olaryň 85% -i erkekler. Global fond tarapyndan maliýeleşdirilýän bu usul bilen bejergiden soň, käbir hassalar neşekeşlikden doly azat bolýarlar.

Respublikan narkologiýa merkeziniň wraçy Anara Kulubaýewa 20 ýyldan gowrak wagt bäri neşekeşleri metadon bilen bejerýär.

“Her kim biziň maksatnamamyza meýletin gatnaşýar. Köp ýagdaýlarda hassalar bu barada biri-birinden, goňşularyndan, dostlaryndan we garyndaşlaryndan eşidýärler. Köp adamlar: "Neşekeşlikden gaty köp adamy halas etdiňiz, meni-de bejeriň, geroine pulum ýok, damarlarymyň hemmesi zaýalandy" diýip haýyş edýärler. Näsaglaryň käbiri ene-atalary tarapyndan getirilýär. Geroine endik eden örän ýaş ýigitler we gyzlar bar, mundan diňe özleri däl, ähli ýakynlary ejir çekýär. Häzir ençeme hususy neşe bejeriş merkezleri peýda boldy. Biziň graždanlarymyz ilki pullaryny şol ýere sarp edýärler, soň bolsa mugt bejeriş usuly – metadonyň bardygyny bilýärler. Ýurduň ähli ýerinde ýörite merkezler açyldy, neşekeşler günde bir gezek gelip, zerur dermany kabul edýärler. Häzirki wagtda Bişkek, Oş ýaly uly şäherlerde köpler metadon bejergisine goşuldy. Dördünji derejä düşen neşekeşleri metadon bilen bejerýäris. Munuň artykmaç tarapy; adamyň özüni duýup başlamagy, durmuşa höwesiniň artmagy hem-de WIÇ we inçekesel ýaly ýokanç keselleriň öňüni almak barada maglumat almagydyr – diýip, Anara Kulubaýewa aýdýar.

Metadon bejergisinden başga-da, neşe garaşlylygyny bejermegiň beýleki usullary-da bar.

Resmi maglumatlara görä, neşe serişdesini ulanýanlar 20 bilen 44 ýaş aralygyndakylar. Bu aralykda, bilermenler soňky ýyllarda toksimonlaryň 6-7 ýaşdan ýelim ysgaýanlaryň bardygyny belleýärler.

Bütindünýä Saglyk Guramasy 2017-nji ýylda dünýäde 15 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky 271 million çemesi adamyň neşe serişdesini ulanýandygyny habar berdi. Olardan 35 milliony saglygyň ýaramazlaşmagy sebäpli agyr ýagdaýda galýar.

Soňky döwürde sintetiki dermanlar bilen zäherlenmeler ABŞ-da has ýiti meselä öwrüldi, ondan her ýyl 47 müň töweregi adam ölýär. Dünýäde iň meşhur derman kannabis – kenep hasaplanýar. Ony ýylda 188 million töweregi adam ulanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG