Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda neşe önümçiligi ýene 87% artyp, 'rekord derejesine' ýetdi


Owgan resmileri neşe serişdelerini otlaýarlar, Helmand welaýaty, 2-nji noýabr, 2017.

Owganystanda neşe önümçiligi 2016-njy ýyldan bäri 87% artyp, “rekord derejesine” ýagny 9000 tonna ýetipdir.

Bu barada Owganystanyň neşä garşy ministrliginiň we BMG-niň Neşä we jenaýatçylyga garşy (UNODC) edarasynyň 15-nji noýabrda çap eden Owganystanda tirýek önümçiligi barada barlaglary boýunça hasabatynda aýdylýar.

Owganystan dünýäniň göknar öndürýän esasy çeşmesi bolup durýar.

“Bu halkara jemgyýetçiligi we Owganystan üçin neşe gözegçiligine ünsi artdyrmak we bu global problemanyň jogapkärçiligini her bir ýurduň paýlaşmalydygyny boýun almak üçin wajyp pursat” diýip, BMG-niň Neşä we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça agentliginiň başlygy Ýuriý Fedotow aýtdy.

Hasabata görä, şu ýyl Owganystanda göknaryň önümçiligi üçin 750 gektar meýdan ulanylypdyr we bu görkeziji 2016-njy ýyldan iki esse artyk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG