Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaňkylykdaky çörek nobatlary dowam edýär, çörek bişirýän kärhanalar ýapylýar


Çörek bişirilýän kärhananyň öňündäki nobat. Aşgabat
Çörek bişirilýän kärhananyň öňündäki nobat. Aşgabat

Türkmenistanyň paýtagtynda hususy çörekhanalar köpçülikleýin ýapylýar, döwlet kärhanalary ilaty çörek bilen üpjün edip bilmeýär. Çörek gün ýaşmanka birnäçe sagadyň içinde satylýar. Azyk ýetmezçiliginden kösenýän ilatyň sany artýar. Häkimiýetler bolup geçýän ýagdaýlary resmi derejede agzamaýarlar, emma azyk howpsuzlygynyň doly üpjün edilendigini gaýtalap aýdýar. Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky soňky ýagdaýlary habar berýärler.

Her gün 35-nji çörek dükany daň atanda çörek satyp başlaýar. Çörek irden 5: 30-dan 7: 00-ä çenli satylýar. Günüň galan böleginde çöregiň ýokdugy sebäpli dükan ýapyk durýar.

Bu dükan Köpetdag ertabynyň Parahat-6 etrapçasynda ýerleşýär.Şuňa meňzeş ýagdaý Aşgabatda döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan çörek satýan Aşgabadyň beýleki dükanlaryna hem mahsus.

Soňky 10 günüň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtynda çörek satmagyň wagty günde ortaça iki sagat bilen çäklendirildi. Çörek daňdan garaňkyda satylýar. Azatlyga gowuşýan wideo ýazgylarda, satuw başlamazdan dürli dükanlaryň öňünde ýüzden gowrak adamyň ýygnanýandygyny görmek bolýar. Çörek nobatlarynda aýallar we çagalar köp göze ilýär.

Aşgabadyň häkimýetleriniň nobatlary gadagan etmegi ýa-da ýaşyrmagy ençeme aý bäri dowam edýär. Azyk nobatlaryň ýaşyrylmagy maý aýynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň nobatlar öz prezident kakasynyň abraýyny bozýandygyny aýdansoň güýçlendirilipdi.

Her adam başyna diňe 3 çörek satylýandygyna garamazdan, çöregiň hemmä ýetmeýär.

Döwlet bahasyndaky çörek 2 manat, bazar bahasy birnäçe esse ýokary. Bazarlarda bir türkmen nany ortaça 12-15 manata satylýar. Soňky bir hepdäniň dowamynda çörek hususy dükanlaryň tekjelerinden hem ýitirim boldy.

Bu wagt çörek bişirýän kärhanalaryň Aşgabatda birin-birin ýapylmagy dowam edýär.

Azatlygyň habarçysy 29-njy oktýabrda "Aşgabat çörek önümçilik birleşigine" degişli "Ak nan" çörek dükanynyň we Teki bazarynda ýerleşýän "Aşgabat çörek" kärhanasynyň ýapylýandygyny habar berdi.

"Hatda kyn ýyllarda-da beýle bolmady. 1996-njy ýyldan bäri bu çörek bişirýän kärhana we dükan işleýärdi, indi bolsa, has gowy döwürlere çenli ýapylýar" -diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.

Soňky hepdelerde Aşagabatda un we çörek ýetmezçiligi sebäpli onlarça çörekhana işini bes etdi.

18-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda 30-dan gowrak çörek önümlerini bişirýän hususy kärhananyň ilişiniň bes edendigini habar berdi. Hususy kärhanalaryň işgärleri munuň sebäbiniň un ýetmezçiligi we çörek bişirmegiň gymmat düşýändigi bilen düşündirdiler. Netijede, hususy pudagyň ýüzlerçe işgäri işsiz galdy.

Ýurduň häkimiýetleri nobatlary gadagan etmek we gizlemek, döwlet we hususy çörekhanalara gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem daşary ýurtlardan galla we un satyn almak bilen baglanyşykly meseleleriň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýarlar.

Türkmenistan özüniň galla öndüriji döwletdigini aýdýar. Öndürilýän bugdaýyň möçberi döwlet plany bilen bilen kesgitlenýär. Türkmen hökümetiniň beýanatlaryna görä, 2021-nji ýylda bugdaý plana görä ýygnalyp, hasylyň mukdary 1,4 million tonna barabar bolupdyr.

Şol bir wagtyň özünde, Ýasewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 24-nji sentýabrda neşir eden sanlaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň aralygynda Türkmenistan Bileleşigiň agza ýurtlaryndan 23,752 tonna bugdaý satyn alydyr. Türkmenistana eksport edilen bugdaýyň umumy mukdarynyň 97% Gazagystandan we 3% Orsýetden alnypdyr.

Ýurduň häkimiýetleri bu problemalary ykrar etmän, nägileligi bildirýän ýa-da kömek sorap häkimiýetlere ýüz tutýan raýatlary yzarlaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG