Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti täze uly ýoluň açylyş dabarasyna gatnaşyp, 'kän alkyş' aldy


Turkmen President opens newly-build high-way between Ashgabat and Tejen cities

Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH 29-njy oktýabrda habar berdi.

Döwlet telewideniýesi ykdysady çökgünlik, çörek gytçylygy wagtynda gurlan nobatdaky iri desganyň prezidentiň adyna aýdylýan alkyş sözleri, aýdym-sazly dabara bilen açylyşyny görkezdi.

Uzynlygy 600 kilometre barabar ýol 2019-njy ýylyň başynda şol wagta çenli kän tanalmaýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy.

Resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, “Türkmen Awtoban” ilkinji türkmen hususy konsorsiumy bolup, türkmen prezidentiniň gönümel goldawy esasynda döredilipdir.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, bu kompaniýanyň eýesi prezidentiň aýal dogany Durdynabat Rejebowanyň adamsy Annanazar Rejebow bolup, ol ýurt içinde we daşynda hasaba alnan ençeme firmany özüne birikdirýän işi rowaç biznes imperiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Döwlet gaznasyndan ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollary möçberinde serişde berlen awtoban alty hereket zolagyndan ybarat, onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metr diýip, resmi habarda aýdylýar.

Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen-Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary -Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG