Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus IIM-i barmak yzy alynýan migrantlaryň kategoriýalaryny giňeldýär


Russiýanyň Içeri işler ministrligi ýurda gireninden soň barmak yzlary alynmaly migrantlaryň kategoriýalaryny giňeltmegi teklip edýär: zähmet migrantlarynyň, şeýle-de rus raýatlygyny alýan ýa-da bu ýurda 90 günden artyk möhlet bilen gelýän daşary ýurtlylaryň barmak yzlaryny almak meýilleşdirilýär.

Bu baradaky maglumatlar kadalaşdyryjy hukuk aktlarynyň taslamalarynyň federal portalynda çap edildi.

Kanun taslamasyna laýyklykda, ýokary hünärli işçiler ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri üçin kadadan çykma düzgüni ulanylmaz.

2021-nji ýylyň iýulyndan bäri Russiýada ýurda 90 günden artyk möhlet bilen gelýän zähmet migrantlaryndan we daşary ýurtlylardan hökmany barmak yzlaryny almak düzgüni güýje girdi. Mundan başga, daşary ýurtly işçiler ýokanç keseller, neşekeşlik babatdaky saglyk barlaglaryndan hem geçmeli edildi.

Alty ýaşa ýetmedik çagalar we belarus raýatlary, diplomatlar we olaryň maşgalalary, olaryň ýurtlary bilen özara gatnaşyk ýörelgesi esasynda, barmak yzlaryny aldyrmak talaplaryndan boşadyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG