Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda inflýasiýa basyşyny ýeňletmek üçin 'iň uly kömek' yglan edildi


Pakistan, oktýabr, inflýasiýa garşy protest.
Pakistan, oktýabr, inflýasiýa garşy protest.

Premýer-ministr Imran Han inflýasiýanyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtdaky kynçylyklary azaltmak maksady bilen "Pakistanyň taryhynda iň uly durmuş üpjünçiligi maksatnamasyny" yglan etdi.

120 milliard rupiýalyk (706 million dollar) subsidiýa meýilnamasyna laýyklykda, 20 million maşgala gelýän alty aýyň dowamynda mesge ýagy, un ýaly esasy azyk önümlerini 30 göterim arzan bahadan satyn alyp biler diýip, Han 3-nji noýabrda halka ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy.

Ol bu kömek çäresiniň çäginde jemi 130 million adama ýardam beriljekdigini aýtdy.

Dünýäniň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Günorta Aziýa döwleti bolan Pakistan hem koronawirus bilen baglanyşykly üpjünçilik zynjyrynyň üzülmegi we haryt bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli, güýçli inflýasiýa basyşyna duçar boldy.

Federal statistika býurosynyň (FBS) maglumatyna görä, ýurtdaky ýyllyk inflýasiýa derejesi öňki aýda 9% bolanlygyndan oktýabr aýynda 9,2 prosente çenli ýokary galdy.

Oppozisiýadaky Pakistan Musulman ligasynyň (Nawaz Şerif) wekili Merýem Aurangzeb hökümetiň hödürlän kömek bukjasyny “gözboýagçylyk” hökmünde häsiýetlendirdi we ýurt üçin iň uly ýeňilligiň Hanyň wezipesinden çekilmegi boljakdygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG