Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýew Özbegistanyň prezidenti hökmünde ikinji möhlete kasam edýär


Şawkat Mirziýoýew
Şawkat Mirziýoýew

Şawkat Mirziýoýew Daşkende geçirilen dabarada Özbegistanyň konstitusiýasyna we Gurhana elini goýup, 11-nji noýabrda Özbegistanyň prezidenti hökmünde ikinji möhlete başlamak üçin kasam kabul etdi.

Mirziýoýew 24-nji oktýabrda geçirilen prezident saýlawynda sesleriň aglaba köplügini alyp, ýeňiş gazanan ýeňiji diýlip yglan edildi, emma günbatarly synçylar ses berişligiň "hakyky bäsdeşlik ýagdaýynda" geçirilmändigini aýtdylar.

64 ýaşly prezident aslynda kän tanalmaýan we hökümete tarapdar dört kandidat bilen bäsleşip, resmi maglumata görä, sesleriň 80,1 göterimini aldy. Ýurduň üç oppozisiýa partiýasyna saýlawa gatnaşmaga ýa-da dalaşgärlerini hasaba aldyrmaga rugsat berilmedi.

Bu 35 million töweregi ilaty Özbegistanda 1991-nji ýylda dargan Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolaly bäri geçirilen altynjy prezident saýlawy boldy.

Ses berişligiň öňüsyrasynda öz tankytçylaryny we aktiwistleri basyp ýatyrmakda tankytlanan Mirziýoýew öz hökümetiniň ýurdy uzak wagtlap dolandyran öňki prezident Yslam Kerimowyň döwründäki awtoritar endikleriň täsirine düşmegine garşy durjak bolýana meňzeýär.

XS
SM
MD
LG