Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan oppozisiýasy tussag Sakaşwilini goldamak üçin uly proteste taýýarlanýar


 Rustawi txrmesiniň golaýyndaky protest. 3-nji noýabr, 2021.
Rustawi txrmesiniň golaýyndaky protest. 3-nji noýabr, 2021.

Gürjüstanyň tussag edilen öňki prezidenti Mihail Sakaşwiliniň boşadylmagyny talap etmek üçin, 6-njy noýabrda Tbiliside uly oppozisiýa ýygnanyşygy taýýarlanylýar.

Sakaşwiliniň esaslandyran oppozisiýa partiýasynyň, Birleşen milli hereketiň (BMH) lideri Nika Melia Facebookda demonstrasiýanyň ýerli wagt bilen öýlän sagat 5-de başlajakdygyny aýtdy.

Melia oppozisiýa agzalarynyň toplanyp, Rustawi türmesiniň golaýynda jemlenmegine we üznüksiz demonstrasiýa başlamagyna çagyrdy.

Bu ýygnanyşyk Sakaşwili 1-nji oktýabrda, sekiz ýyl aýralykdan soň, ýurt boýunça geçirilýän saýlawlarda oppozisiýa goldaw bermek üçin üçin ýurduna dolanyp, birnäçe sagat soň saklanyp, türmede açlyk yglan edeli bäri geçirilýän şuňa meňzeş protestleriň soňkusy bolup durýar.

2004-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli prezident bolan 53 ýaşly syýasatçy 2013-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryndan gysga wagt soň ýurtdan çykdy we 2018-nji ýylda häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda we parlamentdäki oppozisiýa agzasynyň ýenjilmegi baradaky subutnamalary gizlemekde aýyplanyp, gaýybana günäli tapyldy.

Sakaşwili özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini aýtdy. Gürjüstanyň esasy oppozisiýa güýji bolan BMH 3-nji oktýabrda ýurt boýunça geçirilen häkimlikler we şäher häkimlikleri üçin geçirilen ses berişlikde dolandyryjy “Gürjüstan arzuwy” partiýasyndan ýeňildi.

Oppozisiýa milliarder we Sakaşwiliniň bäsdeşi Bidzina Iwanişwili tarapyndan esaslandyrylan “Gürjüstan arzuwynyň” 30-njy oktýabrda geçirilen ikinji tapgyr saýlawy gaplaşdyrandygyny aýtdy. “Gürjüstan arzuwy” ses berişligiň netijesinde ýurduň iň uly bäş şäherinde häkimlik orunlaryna eýe boldy.

XS
SM
MD
LG