Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň Aktau şäherinde bolan uly partlama iki gatly binany doly weýran etdi


Gazagystanyň kartasy
Gazagystanyň kartasy

Gazagystanyň Hazar deňziniň kenaryndaky port şäheri Aktauda bolan uly partlama iki gatly binany doly weýran etdi. Bu binada kafe ýerleşýärdi.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň Mangystau sebitindäki müdirligi partlamanyň 7-nji noýabrda gije bolandygyny aýtdy.

Wakada adam pidalarynyň bolandygy barada häzirlikçe maglumat ýok.

Halas ediş gullugynyň işgärleri galyndylaryň aşagynda adam pidalarynyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklaşdyrmak üçin gözleg işlerini geçirýärler.

Ministrligiň metbugat wekili Talghat Uali weýrançylykly partlamanyň bolan wagty kafede hiç bir müşderiniň ýokdugyny aýtdy.

Howpsuzlyk kameralary partlamanyň bolan pursadyny wideo düşürdi we bu ýazgylar Internet ulanyjylary tarapyndan onlaýn paýlaşyldy.

Partlama 200 müň töweregi ilaty bolan şäheriň dürli künjeginde duýuldy.

XS
SM
MD
LG