Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa gündelik COVID-19 hadysalary boýunça täze rekord görkezijini çap etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýa COVID-19 ýokanjyndan ölýän adamlaryň gündelik sany boýunça täze rekord görkezijini çap etdi. Bu waka, saglyk işgärleri wirusyň häzirki tolkunynda hassalary bejermek üçin hassahana düşeklerine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin jan edýän mahalyna gabat gelýär.

Koronawirusa garşy krizis merkezi 9-njy noýabrda soňky 24 sagadyň dowamynda wirus bilen bagly 1211 adamyň ölüminiň we 39 müň 610 sany täze hadysanyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Wirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň gündelik sany her gün diýen ýaly rekord derejä ýetýän mahaly, hassahanalar näsaglardan dolup, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna agram salýar.

Köplenç Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen işleýän, ýokanç keseller boýunça hünärmen Wladimir Çulanow 9-njy noýabrda COVID-19 hassalary tarapyndan ulanmak üçin 300 müň töweregi täze düşegiň ýerleşdirilendigini aýtdy. Ol bu sanyň pandemiýanyň dowamyndaky islendik döwürden 30 müň töweregi köpdügini hem sözüne goşdy.

Russiýada wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, noýabryň başynda berk karantin çäklendirmeleri girizildi. Tas tutuş ýurt boýunça iş ýerleri ýapyldy. Moskwa 28-nji oktýabrdan başlap bölekleýin petikleme girizip, diňe dermanhanalar we supermarketler ýaly möhüm dükanlaryň açylmagyna rugsat berdi.

XS
SM
MD
LG