Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we ukrain baş diplomatlary rus goşunlarynyň toplanmagyny maslahat etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken (sagda) we Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitro Kubela. 5-nji awgust, 2021. Waşington, ABŞ

Eger Russiýa 2014-nji ýylda eden zadyny etmäge synanyşýan bolsa, ol “örän ýalňyşar” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken duýduryş berdi we Ukrainanyň serhedine golaý sebitlerdäki “adaty bolmadyk rus harby hereketleri” baradaky habarlara alada bildirdi.

Blinken bu bellikleri 10-njy noýabrda Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kubela bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

Iki diplomat Ukrainanyň 260 km töweregi demirgazygynda, Belarus serhedine gaty daş bolmadyk sebitde rus harby goşunlarynyň toplanmagy barada Ukrainada we Ýewropanyň käbir sebitlerinde barha güýçlenýän aladalaryň arasynda duşuşdy.

Geçen hepde Ukrainanyň daşary işler ministri tamamlanan harby tälim-türgenleşige garamazdan, şol ýerlerde 90 müňe golaý rus harbysynyň saklanyp galýandygyny aýtdy, harby goşunlaryň bu wagta çenli özleriniň harby bölümlerine dolanmagyna garaşylan ekeni.

Blinken žurnalistlere Russiýanyň Ukrainadaky matlaplarynyň ABŞ häkimiýetlerine mälim däldigini aýtdy, ýöne Waşingtonyň Ukrainanyň territorial bitewiligine ygrarlylygynyň “örän mäkämdigini” belledi.

Taraplar Waşington bilen Kiýewiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze ylalaşyga gol çekdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG