Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Näme üçin waksinasiýa rak keselini döretmeýär, DNK-ni üýtgetmeýär? Koronawirus sanjymy barada şübheli aýdylýanlary seljereliň


Illýustrasiýa suraty

Waksinasiýa garşy duýgular köplenç medisina maglumatlarynyň nädogry düşündirilmegi bilen ýüze çykýar, dürli näbelli "barlaglar" ýa-da ýakyn tanyşlaryňdan biriniň "gizlin barlag institutynda" işleýän haýsydyr bir dostundan eşiden gürrüňi nädogry maglumatlaryň ýaýramagyna getirýär. Ol gürrüňleri barlap ýa-da derňäp bolmaýar.

"Nastoýaşeýe Wremýa" ("Häzirki zaman") telekanaly bu ugurdan işleýän bilermenler bilen bilelikde, sanjym baradaky iň meşhur mifleri seljerýär.

Sanjym onkologiýa kesellerine sebäp bolmaýar

Koronawirus sanjymlary düwnük keselini döretmeýär. Şu wagta çenli munuň şeýle bolýandygyny subut edýän ýekeje-de hadysa ýok. Onkologiki keseller köplenç ýyllaryň dowamynda ösýär, ol koronawirus sanjymlaryndan has uzak wagtyň dowamynda döreýär.

"Aslynda hiç bir sanjym islendik rak keseliniň döremegine sebäp bolup bilmez. Bu aýdylýanlaryň hemmesi çaklama, ony aýdýanlar sanjyma garşy adamlar" diýip, Dmitriý Rogaçýew adyndaky Medisina ylmy merkeziniň baş direktory Galina Nowiçkowa aýdýar.

Bu diňe bir koronawirus babatynda hem däl. Gözegçilikleriň tutuş taryhynda ýekeje sanjym hem düwnük keseline sebäp bolmandy.

Sanjym DNK-ny üýtgedip bilmez

Beýleki bir meşhur mif, sanjymyň adamyň DNK, ýagny genetiki düzümini üýtgedip biljekdigi barada. Bu dogry däl. Our World in Data web sahypasyna görä, üç milliarddan gowrak adama eýýäm doly sanjym edildi, ýöne olaryň haýsydyr biriniň DNK düzümi üýtgändigi entek mälim däl.

"Adam ganyndaky öýjükler aşa çylşyrymly ýerleşen, mundan ötri-de, ol öýjüklere daşardan girmeginiň öňüni almak üçin, ýeterlik mehanizmi bar. Islendik janly-jandaryň, islendik janly organizmiň iň möhüm meselelerinden biri – bu köpelmek we şol bir wagtyň özünde-de özüniň asyl durkuny goramak, ony geljekki nesline üýtgewsiz geçirmek, bu owal başdan goýlan ewolýusiýa” diýip, wraç-terapewt Natalýa Bondarenko düşündirýär.

Sanjym netijesinde COVID-19 bilen kesellemek mümkin däl

Sanjymdan köplenç koronawirus ýokançlygyndan gorkýanlar gaça durýarlar. Munuň özi ýene bir mif. Adam sanjym arkaly kesele ýolugyp bilmeýär: Sanjym iňňesinde wirus ýok.

"Argentinaly alymlar tarapyndan baha berlen “Sputnik V” sanjymynyň ikinji dozasynda adenowirusyň gaýtadan diklenmeginiň teoretiki mümkinçiligi barada, käbir gülkä çalymdaş barlaglar geçirildi. Ýöne bu adenowirusyň gaýtadan dikelmegi ne kowid, ne-de adenowirus ýokaşmagyna sebäp bolmaýar" diýip, ýokanç keseller boýunça hünärmen Wadim Aristow aýdýar.

Sanjymlar Ýewropada we ABŞ-da giňden ýaýransoň, bar zat azda-kände düşnükli bolsa-da, bu beýleki dermanlar bilen deňeşdirilende, birneme çylşyrymly. Aýratynam inaktiwleşen wirus diýilýäni barada sanjymlaryň töwereginde köp mifler bar.

"Hytaýda ýasalan ýa-da şuňa meňzeş sanjymlar, ýagny inaktiwleşen wirusyň bar ýerlerinde hem kesellemek mümkin däl. Ol ýerde wirusyň genetiki enjamlary ýok edilen, diňe belok gabygy galýar. Ol immun ulgamynyň tälimini höweslendirýär, ýöne kesel döretmeýär" diýip, Wadim Aristow aýdýar.

Sanjym wagtynda diňe hapa iňňeden ýa-da gatnaşyk ýollaryndan, ýagny ýüzüňdäki maskanyň nädogry dakylmagy, sosial aralygyň bozulmagy netijesinde keseliň döremegi mümkin. Wraçlaryň aýtmagyna görä, sanjymyň özi koronawirus ýokançlygyna sebäp bolup bilmez.

Allergiýasy bolanlaram sanjym alyp bilerler

Wraçlar hatda allergiýa diagnozy goýlan adamlara-da sanjym edilip bolýar diýip hasaplaýarlar, ýöne ony has ähtibarly geçirmeli. Doktor sanjymdan öň hassanyň kesel taryhyny üns bilen öwrenmeli.

Wraç-terapewt Natalýa Bondarenko eger bir adam antigenleriň we allergenleriň käbir görnüşlerine allergiýa döredýän bolsa, onda başga bir zada allergiýa bolmagy hökman däl diýip hasaplaýar. "Pişiklere allergiýasy bolan adamlar gyzyl tudanany arkaýyn iýip bilerler. Munuň tersine: gyzyl tudana allergiýasy bolan adamlar pişigiň gapdalynda arkaýyn oturyp bilerler. Edil şonuň ýaly-da, bir topar allergiki keseli bolan adamlar bu sanjymyň düzüm böleklerine allergiýasy bolmadyk ýagdaýynda, sanjym alyp bilerler".

Sanjymyň bedene täsir etjekdigi adaty ýagdaý. Munuň üçin elmydama taýyn bolmaly. Şoňa görä wraçlaryň näsaglara sanjymdan soň doktorlaryň gözegçiliginde, ýarym sagat çemesi oturmagy maslahat bermegi tötänden däldir. Islendik bir näsazlyk ýüze çyksa, wraçlar derrew gyssagly çäreleri görýärler.

Sanjym ganyň gatamagyna getirip bilmez

Beýleki bir meşhur mif, sanjymlaryň trombozyň döremegine, ýagny damarda ganyň gatamagyna sebäp diýilmegidir. Aslynda bu beýle däl. Waksina garşy trombotik reaksiýa bolup biljekdigine ýokanç keseller boýunça hünärmen Wadim Aristow ylalaşýar. Emma onuň pikiriçe, beýle ýagdaý 100 müň doza geçirilende bir ýa-da ondanam az mukdarda bolup biler. Bu hem tötänleýin hassalarda däl, belli bir diagnozy bolan adamlarda bolup biler diýip, Wadim Aristow hasaplaýar.

Tebigy immunitet sanjymdan gowy däl

Başga bir ýalňyş düşünje: adam ýaş we sagdyn bolsa, koronawirusy aňsatlyk bilen geçirip biler diýilýär. Bu gaty bir beýle däl. Kesel hiç bir bildirgisiz ýa-da ýeňil görnüşde bolsa, immunitetiň wirusa garşy göreşine seredende, sanjymdan soň alnan immunitetiň has gowy işlejekdigi bellidir, ýagny tebigy immunitetden, sanjymdan soňky immunitet güýçli bolýar.

“Gynansak-da, bir ýyl ozal [koronawirusdan] syrkawlanlar asla kesel bolmaz ýa-da seýrek kesel bolar diýen umyt bardy. Indi öz tejribämizden, ikinji we hatda üçünji gezek kesel bolan adamlary görýäris. Üstesine-de, ilkinji gezek kowidi ýeňillik bilen geçiren üçin, soňky gezekde hem şeýle ýeňil boljakdygyna kepillik ýok" diýip, wraç-terapewt Natalýa Bondarenko aýdýar.

COVID-19 diagnozy tassyk bolansoň immunitet alanlara-da, bejeriş lukmany bilen maslahatlaşandan soň, wraçlar sanjym almagy maslahat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG