Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýanyň “Memorialy” ýapmak boýunça äden ädimi ýurduň içinde we daşynda ýazgarylýar


Russiýanyň ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” toparyny ýapmak boýunça äden ädimi ýurduň içinde we daşynda giň ýazgaryşlary tutaşdyrdy

Rus hökümetiniň raýat jemgyýetine garşy basyp ýatyrmalary güýçlendirýändigi baradaky aladalaryň arasynda Russiýanyň ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” toparyny ýapmak boýunça äden ädimi giň ýazgaryşlary tutaşdyrdy. Bu karar hatda ýurduň içinde hem ýazgarylýar.

12-nji noýabrda Ýewropa Geňeşi Russiýanyň Baş prokuraturasynyň ýurduň iň meşhur ynsan hukuklaryny goraýjy toparlarynyň biriniň bir bölegini ýapmak boýunça Ýokary kazyýete iberen haýyşyny “gynandyryjy" atlandyrdy. Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas bolsa bu habara haýran galandygyny aýtdy.

Hatda Kremliň öz hukuk geňeşi hem ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler, şol sanda tanymal alym we sowet dissidenti Andreý Saharow tarapyndan esaslandyrylan abraýly guramany ýapmak baradaky düşünjäni sorag astyna aldy we bu ädimi “adalatsyz” atlandyrdy.

Baş prokuratura Halkara Memorialyň “daşary ýurt agentleri” hakyndaky dawaly kanunyň talaplaryny berjaý etmeýändigi sebäpli Ýokary kazyýete ýüz tutandygyny aýtdy. Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Mariýa Peýçinowiç Buriç Russiýanyň “daşary ýurt agentleri” kanunynyň hökümete degişli bolmadyk guramalary, media serişdelerini we şahsy taraplary kemsidýändigini we bu kanunçylygyň soňky ýyllarda Russiýadaky raýat jemgyýetine repressiw täsir edendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG