Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň güýçleri Belarusyň serhedindäki migrantlar bilen çaknyşdy


Migrantlar serhetden geçmäge synanyşýarlar. Polşa, Bruhi, 16-njy noýabr, 2021
Migrantlar serhetden geçmäge synanyşýarlar. Polşa, Bruhi, 16-njy noýabr, 2021

Belarusda gabalan migrantlar iki ýurduň serhedinde polýak esgerleri bilen çaknyşyp, suw pürküji gurallar, göz ýaşardyjy gaz we sesli granatalar bilen jogap beren ýaragly serhetçilere daş we zibil atdylar.

“Migrantlar esgerlerimize we ofiserlerimize daş bilen hüjüm etdiler we diwary ýykmaga hem-de Polşa gitmäge synanyşýarlar" diýip, Polşanyň Goranmak ministrligi 16-njy noýabrda twit ýazdy.

Ministrlik Kuznika serhet geçelgesinde bolup geçen zorlugyň wideolaryny ýerleşdirdi.

CNN telekanalynyň göni efirdäki habarynda polýak güýçleriniň we asmanda dikuçaryň aýlanyp ýören wagtynda yza çekilen onlarça migrantyň garşysyna suw toplaryny, sesli we tüsse granatalary ulanandygyny görkezdi.

Soňky günlerde ÝB-niň gündogar serhedindäki we Belarusyň serhetlerindäki ýagdaý ýaramazlaşdy.

Esasan Ýakyn Gündogardan gelen müňlerçe adam Polşa, Latwiýa we Litwa bilen serhet ýakasynda Belarus tarapynda agyr şertlerde saklanýar we ÝB-ne bikanun girmäge synanyşýar.

Bileleşik Alýaksandr Lukaşenkany migrantlara Minske barmaga rugsat berip, Brýusselden ar almaga synanyşmakda günäkärleýär. 2020-nji ýylyň awgust aýynda çekeleşikli prezident saýlawyndan soň Belarusyň awtoritar hökümdarynyň oppozisiýanyň we Günbataryň ses berişligiň galp bolandygyny aýtmagyna garamazdan, özüniň ýeňiş gazanandygyny öňe sürmeginden soň ÝB sanksiýalary girizipdi.

Lukaşenka saýlawyň netijelerine garşy geçirilen protestlere jogap berip, başgaça pikirlenýänlere rehimsiz we köplenç zorlukly basyş etmegi buýurdy, garaşsyz metbugata basyş edip, müňlerçe adamy tussag etdi. Oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag edilmezlik üçin ýurtdan gaçmaly boldy.

Russiýa tarapyndan goldanýan Lukaşenkanyň hökümeti özüniň migrantlary girew hökmünde ulanýandygy barada ÝB tarapyndan edilýän aýyplamalary ret etdi we Ýewropa ýurtlaryny migrantlara gaçybatalga bermekden ýüz öwrüp, adam hukuklaryny bozmakda aýyplaýar.

ÝB-niň we NATO-nyň gündogar bölegini emele getirýän Polşa, Latwiýa we Litwa krizisiň öňüni almak üçin Belarus bilen serhetlerini güýçlendirýär.

16-njy noýabrda polýak kanun çykaryjylarynyň raýatlaryň Belarus bilen serhet ýakasynda hereket etmek ukybyny kadalaşdyrmak baradaky meselä seretmegine garaşylýar, şu aýyň aýagynda sentýabryň başynda girizilen adatdan daşary ýagdaýyň möhleti gutarýar.

Serhetde täzeden güýçlenen çaknyşyklar ÝB-niň 27 daşary işler ministrleriniň Belarusyň sanksiýalar sanawyna awiakompaniýalary, syýahatçylyk agentliklerini we gapma-garşylykly ýagdaýlara gatnaşan şahsyýetleri goşmak barada maslahat etmeginden bir gün soň boldy.

Bu çärelere bank hasaplarynyň doňdurylmagy we syýahat gadagançylygy ýaly çäreleriň girizilmegine garaşylýar.

Bu aralykda, Baýdeniň administrasiýasy ABŞ-nyň Lukaşenkanyň režimine migrantlara "adamkärçiliksiz raýdaşlyk" sebäpli ÝB bilen utgaşdyrylan täze sanksiýalary taýýarlaýandygyny aýtdy.

ÝB we Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Belarusda prezidentlik saýlawlary we ondan soňky basyşlar sebäpli bu ýurda birnäçe sanksiýany girizdi.

Lukaşenka 16-njy noýabrda krizisiň “gyzgalaňly gapma-garşylyga” öwrülmegini islemeýändigini aýtdy.

Munuň öňýany awtoritar lider Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen krizisi ara alyp maslahatlaşdy. Lukaşenkanyň Merkel bilen telefon gepleşigi geçen ýylda Belarusda bolan köpçülikleýin protestler basylyp ýatyrylaly bäri onuň günbatar lideri bilen ilkinji söhbetdeşligi boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG