Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Polşa – Belarus  serhedindäki ýagdaý “uly alada” diýýär


Belarus - Polşa serhediniň golaýyndaky Hrodna sebitindäki migrant lageri
Belarus - Polşa serhediniň golaýyndaky Hrodna sebitindäki migrant lageri

ABŞ prezidenti Jo Baýden Polşa – Belarus serhedindäki ýagdaýlara alada beýan etdi. Serhediň Belarus tarapynda özge ýurtlardan bolan müňlerçe migrant Ýewropa Bileleşigine aşmaga umyt baglap, aňzak sowuk howada garaşýar. Ol ýerde geçen gije tapylan jeset dowam edýän ýagdaýyň töweregindäki howp-hatara üns çekýär.

“Biz bu örän uly alada diýip pikir edýäris. Biz öz aladalarymyzy Russiýa aýtdyk, biz öz aladalarymyzy Belarusa aýtdyk” diýip, Baýden 12-nji noýabrda žurnalistlere aýtdy. “Biziň pikirimizçe bu problemadyr” diýip, ol belledi.

Baýdeniň belliklerinden birnäçe sagat ozal, wise-prezident Kamala Harris Fransiýa amala aşyrýan saparynyň dowamynda birmeňzeş aladalary beýan etdi.

ÝB liderleri Minski “gibrid uruş” taktikalarynda aýyplaýarlar. Olar geçen ýyl geçirilen dawaly saýlawlardan bäri özge pikirleri ýowuzlyk bilen basyp ýatyrýan awtoritar Akensadr Lukaşenka režimine garşy girizilen sanksiýalardan ar almak üçin, Minskiň garyp ýurtlardan migrant getirip, olary serhede itermekde aýyplaýarlar.

12-nji noýabrda birnäçe awiakompaniýa migrant akymyny togtatmak üçin Türkiýe bilen Minsk arasyndaky uçar gatnawlaryna elýeterliligi çäklendirjekdigini aýtdy.

Öz ýarany Belarusyň günbatar serhedinde bilelikde harby tälim-türgenleşiklere girişen Russiýa Polşanyň serhedinden 10 kilometr töweregi aradaşlykda özüniň bir desantçysynyň ölendigini aýtdy.

13-nji noýabrda Polşanyň polisiýasy bir gün ozal Belarus serhedine golaý sebitde bir siriýaly adamyň jesediniň tapylandygyny aýtdy. Bu, Polşa – Belarus serhet krizisi başlanaly bäri habar berlen 11-nji migrant ölümi bolýar.

XS
SM
MD
LG