Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çehiýa koronawirus bilen keselläniň iň ýokary gündelik sanyny hasaba aldy


COVID-19-e garşy waksinasiýa merkezi. Praga

Çehiýa 16-njy noýabrda koronawirus bilen kesellän 22,479 sany täze ýagdaýy hasaba alandygyny habar berdi, bu pandemiýa başlaly bäri 10,7 million ilatly ýurtda iň ýokary gündelik sandyr.

Saglyk ministrligi tarapyndan 17-nji noýabrda ýaýradylan sanlar bir hepde ozalkysyndan 54% böküp, ýanwar aýynda bolan 17778 adamlyk keselçilik rekordyndan has ýokary.

Çehiýanyň goňşulary Awstriýa, Germaniýa we Slowakiýa ýaly birnäçe Ýewropa ýurdunda COVID-19 ýokaşmalary ýene-de köpelýär, sowuk howa wirusyň ýaýramagyna täsir edýär.

Çehiýa waksinasiýa derejesi boýunça beýleki ýurtlardan yza galdy, ilatyň diňe 57,6% waksina aldy. Ýewropanyň keseliň öňüni almak we ýagdaýa gözegçilik etmek boýunça merkeziniň maglumatlaryna görä ÝB boýunça ortaça waksinasiýa derejesi 69% barabar.

Çehiýa soňky COVID-19 tolkunynda ozalkysy bilen deňeşdirilende ýeňil çäklendirmeleri girizdi. Hökümet şu wagta çenli berk düzgünlere garşy çykdy we mekdepleriň ýapylmajakdygyny aýtdy.

Restoranlara we barlara girmek üçin adamlar COVID-19 boýunça negatiw synaglaryny ýa-da sanjym şahadatnamalaryny görkezmeli.

Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä Çehiýanyň hassahanalary 16-njy noýabrda 4425 koronawirus hassasynyň bardygyny habar berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG