Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Britaniýa Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýyndaky harby işjeňligine alada bildirdi


Russiýa aprel aýynda Krymda harby tälim-türgenleşik geçirdi.
Russiýa aprel aýynda Krymda harby tälim-türgenleşik geçirdi.

Birleşen Ştatlary we Britaniýa Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýynda köp goşun toplamagyna ýene bir gezek alada bildirdi.

17-nji noýabrda ABŞ-nyň goranmak ministri Lloyd Ostin (Lloyd Austin) Russiýanyň goşun hereketleri “gürrüňsiz biziň ünsümize çekýär” diýdi we Russiýany niýetini “has aýdyňlaşdyrmaga” çagyrdy.

Has ozal, günüň dowamynda Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson ýokary derejeli kanun çykaryjylaryň mejlisinde eden çykyşynda “harby awantýurizme” baş goşmaklyk Kreml üçin “tragiki ýalňyş bolar” diýdi.

Şu aýyň başlarynda Ukrainanyň Goranmak ministrligi tamamlanan harby tälim-türgenleşiklere garamazdan özüniň demirgazyk serhediniň golaýynda 90 müň töweregi rus goşunynyň saklanyp galýandygyny mälim etdi. Bu, Ukraina garşy Russiýanyň agressiýa ulanmak ähtimallygy barada alada döretdi hem-de Britaniýanyň Ukraina 600 harby iberýändigini yglan etmegine iterdi.

Bu aralykda, ABŞ-nyň deňiz güýçleri, Kremliň gaharyny getirip, Gara deňiz saparlaryny ýygjamlaşdyrdy.

XS
SM
MD
LG