Hytaýyň tennis boýunça edarasy 21-nji noýabrda belli tennis oýunçysy Peng Şuainiň Pekinde janköýerlerine ellerini galgadýan suratlaryny çap etdi. Şol bir wagtda, Pengiň ozalky wise-premýeri jynsy zorlukda aýyplamagyndan soň onuň gözden ýitendigi baradaky aladalar agzalmady.
Halkara jemgyýetçiligi Hytaýyň Kommunistik partiýasyna basyş edip, Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek ýeňijisi we dünýäniň ozalky birinji belgili oýunçysy Pengiň ýagdaýy we howpsuzlygy barada maglumat bermegini talap edýär.
Kommunistik partiýanyň iňlis dilinde maglumatlary çap edýän Global Times neşiriniň redaktory 20-nji noýabrda Pengiň Pekiniň restoranlarynyň birinde oturan wideolaryny çap etdi.
Şu aýyň başynda Pengiň ozalky wise-premýer Žang Gaolini özüni jynsy gatnaşyklara “mejbur etmekde” aýyplamagyndan soň, ol jemgyýetçilikde görünmedi.
Şu hepdäniň başynda Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki tele-kanallaryň birinde Pengden gelendigi aýdylýan beýanat okalyp, onda Žanga garşy bildirilýän aýyplamalardan el çekilýär.
Aýallaryň Tennis Assosasiýasynyň başlygy Stiw Simon Pengiň suratlaryny görmäge “şatdygyny” aýtdy. Şol bir wagtda, ol Pengiň “daşardan täsir edilmezden özbaşyna karar kabul edip bilýändigi heniz hem aýdyň däl” diýdi.