Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda türkmen ilçisi “Talyban” bilen TOPH-y maslahat etdi


Türkmen resmileri "Talybanyň" wekilleri bilen duşuşýar. Herat. 20-nji noýabr
Türkmen resmileri "Talybanyň" wekilleri bilen duşuşýar. Herat. 20-nji noýabr

20-nji noýabrda Owganystanyň günbataryndaky Herat welaýatynda türkmen ilçisi Hoja Öwezow we beýleki resmiler “Talyban” hökümetiniň dag-magdanlar we nebit ministriniň ýerine ýetirijisi Mohammad Isa bilen duşuşdylar. Bu barada Tolonews habarlar gullugy maglumat berýär.

Maslahatyň dowamynda türkmen ilçisi TOPH gazgeçirijisine, şeýle-de beýleki “bilelikdäki ykdysady” proýektlere goldawyny äşgar edipdir.

“Eger-de siz bize serişdeleri berseňiz, bu TOPH-uň, optiki süýmli geçirjileriň we demirýollaryň ýoluny açar” diýip, “Talybanyň” ministri Mohammad Isa belledi.

Türkmen ilçisi bu proýektleriň durmuşa geçmegi üçin bar bolan meseleleri aradan aýyrmak boýunça iki ýurduň arasynda birnäçe komitetiň esaslandyrylandygyny aýtdy. Emma ol gürrüňi giňdýän meseleleri agzamady, şeýle-de Türkmenistanyň bu proýetkler üçin Owganystana maliýe berip-bermejekdigini hem aýdyňlaşdyrmady.

Duşuşykda “Talybanyň” Herat welaýatyndaky häkimi Nur Ahmad Islam Jar TOPH proýektiniň tehniki ýagdaýlarynyň we meýdan işleriniň maslahat edilendigini, şeýle-de onuň ‘ýakyn geljekde’ durmuşa geçirilip başlanjakdygyny aýdypdyr.

Ýöne ýerli synçylaryň käbiri ýurtdaky howpsuzlyk meseleleriniň doly çözülmändigini we jeňçi toparlaryň “Talyban” hökümetiniň çekýän gurluşyk planlaryna belli bir derejede päsgelçilik döredip biljekdigini çaklaýar.

Taslama mümkinçiliklerine görä, Türkmenistandan ýylda 33 milliard kub metr gaz getirjek geçiriji dünýäde ir gaz ýataklarynyň biri bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistanyň serhediniň golaýyndaky Fazilka şäherine çenli 1,800 km aralyga çekilmeli.

Geçirijiniň owgan bölegi Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar serhedinden başlanyp, günbatardaky Hyrat we Kandahar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň serhedine çenli çekiler.

Türkmen habar serişdeleri we Daşary işler ministrligi şenbe güni geçirilen duşuşyk barada häzirlikçe maglumat bermediler.

Geçen aýyň aýagynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem Kabula sapar edip, TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamak meselesini maslahat edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG