Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow krizis döwri ýene bir kaşaň myhmanhanany açdy


Azatlygyň çeşmeleri myhmanhananyň Türkmenistana 300 million ýewro möçberindäki serişdä düşjekdigini aýdypdylar.
Azatlygyň çeşmeleri myhmanhananyň Türkmenistana 300 million ýewro möçberindäki serişdä düşjekdigini aýdypdylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy noýabrda Aşgabadyň demirgazyk böleginde “Garagum” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy. Kaşaň myhmanhana ýurtda ýiti ykdysady krizis dowam edýän wagty açyldy.

Döwlet media serişdelerine görä, ilkinji gezek 2018-nji ýylda gürrüňi edilen bu myhmanhananyň gurluşygyny “Rönesans Holding” kompaniýasy ýerine ýetiripdir.

6,8 gektar meýdanda ýerleşýän myhmanhana 7 gatdan ybarat bolup, binada 87 otag bar.

Resmi habarda myhmanhananyň gurluşygy üçin döwlet býujetinden sarp edilen maliýe serişdeleriniň möçberi aýdylmaýar. Emma Azatlygyň çeşmeleri myhmanhananyň proýekti bilen ilki tanyşdyrylanda, onuň Türkmenistana 300 million ýewro möçberindäki serişdä düşjekdigini aýdypdylar.

Kaşaň myhmanhana ýurtda ýiti ykdysady krizis dowam edýän pursaty, ilatyň azyk howpsuzlygynyň has-da gowşaýandygy baradaky habarlaryň arasynda açylýar.

Synçylar ýurtda açylýan kaşaň myhmanhanalaryň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar. Ýapyk Türkmenistan ýurda az daşary ýurt syýahatçysyny çekmekde tanalýar.

XS
SM
MD
LG