Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow krizis döwri, ýüz millionlarça dollarlyk myhmanhana gurýar


Bina edilmeli "Garagum" myhmanhanasy

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda agyr ykdysady krizisiň, pul ýetmezçiliginiň dowam edýändigi we ilatyň hal-ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygy aýdylýan wagtda, Aşgabatda täze “kaşaň” myhmanhanalary gurmagy tabşyrdy.

Düýn, ýagny 9-njy ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň häkiminiň haýyşy boýunça dikuçarda aýlanyp, paýtagtyň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Berdimuhamedow saparynyň dowamynda – ozal hiç ýerde maglumat berilmedik – iki sany kaşaň we ýokary derejeli myhmanhananyň gurluşygynyň taslamalary bilen-de tanyşdy.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, myhmanhanalaryň biri Halkara howa menziliniň golaýyndaky A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy şaýollarynyň çatrygynda ýerleşip, ol 6,9 gektar meýdany tutar. “Garagum” diýip atlandyryljak bu myhmanhanada 90-a golaý myhman otagynyň, iş otaglarynyň, söwda merkeziniň, restoranyň boljakdygy, şeýle-de täze binanyň Aşgabadyň myhmanlaryna “oňaýly mümkinçilkleri üpjün etjekdigi” bellenilýär.

Emma welin resmi maglumatda “Garagum sährasynyň tebigy aýratynlyklary esasynda” bina ediljekdigi aýdylýan bu myhmanhananyň gurluşygyny kimiň amala aşyrjakdygy we onuň türkmen gaznasyna näçä durjakdygy barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Mundanam başga, Köpetdagyň eteginde “halkara maslahatlary, beýleki iri möçberli çäreleri geçirmäge” niýetlenendigi aýdylýan ýene bir kaşaň myhmanhananyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. Ýöne onuň jikme-jikleri we bahasy aýan edilmedi.

Ýeri gelende bellesek, bu myhmanhanalaryň gurluşygy boýunça nähilidir bir tenderiň yglan edilendigi barada hem döwlet mediasynda maglumat berilmändi.

Emma Azatlyk Radiosynyň ýurduň gurluşyk pudagyndaky ýokary derejeli ynamdar bir çeşmesi iň azyndan planlaşdyrylýan myhmanhanalaryň biri we onuň töweregindäki ýagdaýlar barada maglumat berdi.

Aýdylmagyna görä, paýtagtyň “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň ugrunda guruljak myhmanhananyň şertnamasy hiç hili tendersiz Fransiýanyň “Bouygues” kärhanasyna berlip, onuň mukdary 300 million ýewro barabardyr.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesi häzir “Bouygues” kärhanasy ozal türkmen gurluşyklarynda işläp gaýdan işgärlerini yzyna – Türkmenistana çagyryp başlandygyny, golaýda kärhananyň prezidenti Martin Bouyguesiň hem Aşgabada saparyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Täze kaşaň myhmanhanalaryň Aşgabatda ýene-de üç ýyldan geçiriljek halkara konferensiýasyna gabatlanyp gurulýandygy, häzirki pursat gerekli gurluşyk harytlarynyň daşalyp başlanandygy, şeýle-de munuň bilen baglylykdaky çykdajylaryň 500 million dollardan hem geçjekdigi barada maglumatlar gowuşdy.

Häzirlikçe ýokarda beýan edilenleri beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak, bular dogrusynda ne türkmen resmilerinden, ne-de “Bouygues” kärhanasyndan hem hiç hili maglumat almak başartmady. Ýöne bular geçen ýylyň sentýabrynda “Bouygues” kärhanasynyň başlygynyň Aşgabada sapar edip, Berdimuhamedow bilen täze proýektler dogrusynda gepleşik geçirendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, “The Diplomat” neşiri Türkmenistandaky gurluşyk pudagyny “Soltançylyk” režimine deňäp, bu ugurda diňe ýurt başyndaklara ýakyn kärhanalara uly proýektlerde işlemäge mümkinçiligiň we şertleriň döredilýändigi nygtalypdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen hökümeti ýurtda azyk harytlarynyň ýiti ýetmezçilik edýän, aýlyklaryň gijikdirilýän, edara-kärhanalarda ştat sanlarynyň kemeldilýän we ozal mugt bolan hyzmatlaryň ýatyrylan döwründe ýüzlerçe million dollarlyk myhmanhanalar bilen birlikde, çöllük ýurtda golf meýdançalary, konferensiýa zallary ýaly obýektleri gurmagyny dowam etdirýär.

Şol bir wagtda, “iliň bähbidi üçin” gurulýandygy öňe sürülýän bu binalaryň tas ählisiniň diýen ýaly adaty ilata elýeterli däldigine, olaryň ulanylman, tozana basylyp ýatandygyna hem üns çekilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG