Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda türmeden boşadylan dissident şahyr hassahanada aradan çykdy


Aron Atabek kazyýet diňlenişigi wagtynda. Almaty, 11-nji sentýabr, 2007.
Aron Atabek kazyýet diňlenişigi wagtynda. Almaty, 11-nji sentýabr, 2007.

Altmyş sekiz ýaşly dissident şahyr Aron Atabek uzak möhletleýin tussaglykdan boşadylandan bir aý soň, gazak keselhanasynda COVID-19 hassalygyndan bejergi alýan wagtynda aradan çykdy.

Atabegiň aýal dogany Raziýa Nutişewa Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna doganynyň 24-nji noýabrda, reanimasiýa bölüminde ýogalandygyny aýtdy.

Atabek (Edigeýew) 2007-nji ýylda, hamala, polisiýa işgäriniň ölümine sebäp bolan protestleri gurnamaga kömek edenligi sebäpli 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi we oktýabryň başynda, türme möhletiniň aglaba bölegini geçireninden soň azat edildi.

Atabek 2006-njy ýylda tussag edileli bäri özüniň bigünädigini aýdyp gelýärdi.

Şahyr 2012-nji ýylda hökümetiň günäsini boýun almak talaby bilen hödürlän günä geçiş teklibini ret etdi.

Ol geçen aý, saglyk ýagdaýlary sebäpli, Gazagystanyň demirgazygyndaky Pawlodar türmesinden azatlyga goýberildi.

Garyndaşlary we dostlary onuň ýürek keselinden, süýji keselinden we bogun agyrylaryndan ejir çekendigini aýdýarlar.

Gazak we halkara hukuk guramalary ençeme ýyl bäri onuň bigünädigini aýdyp, hökümetden şahyryň türmeden boşadylmagyny talap edip gelýärdiler.

Olar Atabegiň türmede gynalandygyny, türme gözegçileriniň, saglygyna zyýan ýetirmek maksady bilen, onuň saklanylýan kamerasynyň içine köp mukdarda hlor garylan suw sependiklerini aýtdylar.

Sentýabr aýynda türmä baryp, şahyry gözleri bilen gören aktiwistleriň düşüren suraty Atabegiň halys bolandygyny, saglyk ýagdaýynyň juda ýaramazlaşandygyny giň jemgyýetçilige aýan etdi.

Bu suratyň çap edilmegi netijesinde ýokarlanan jemgyýetçilik gahar-gazaby wezipeli adamlardan şahyryň haýal etmän boşadylmagy barada edilýän basyşlary güýçlendirdi.

Atabek 2012-nji ýylyň dekabrynda şol wagtky prezident Nursoltan Nazarbaýewi we onuň hökümetini tankytlaýan makala ýazanyndan soň ýeke adamlyk kamera geçirildi. Bu makala onlaýn ýagdaýda çap edildi.

Atabegiň garyndaşlary 2014-nji ýylda türme sakçylaryny onuň aýagyny döwmekde aýypladylar, ýöne häkimiýetler muny ret etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG