Merkezi Aziýa döwletinde içerki we halkara hukuk guramalary tarapyndan ençeme ýyl bäri tankyt edilýän praktikany gaýtalap, paýtagt Daşkentdäki özbek polisiýasy onlarça musulmany sakgallaryny syrmaga mejbur etdi.
Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy 24-nji noýabrda Daşkenden 20 km uzaklykda ýerleşýän Ýangangiýul şäheriniň polisiýa ofiserleriniň soňky hepdelerde adamlary çagyryp, sakgallaryny syrmaga mejbur edendigini habar berdi.
Ýerli aktiwist, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen, soňky bir aýyň içinde Ýangiýulda 22 adamyň sakgalyny syrandygyny aýtdy.
Ol "diňe dindar adamlaryň sakgallaryny syrmaga mejbur edilýändigini" we bu praktikanyň “yzygiderli häsiýete” eýe bolýandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan erkekler polisiýanyň keýpine, moda üçin sakgal goýberýänleri nyşana almaýandygyny, diňe dini ybadatlaryny berjaý edýän musulmanlary 'iş edinýändigini' aýtdylar.
Ýerli polisiýa işgäri häkimiýetleriň erkekleri sakgal syrmaga mejbur edýändigini inkär etdi.