Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler: Sibirdäki kömür käninde 11 adam öldi, 43 adam ýaralandy


Raspadskaýa käninde bolan partlamadan soňky gşörnüş. Kemerowa sebiti, Kuzbass, 11-nji maý, 2010

Häkimiýetler 25-nji noýabrda Sibiriň Kemerowo sebitindäki kömür käninde ýüze çykan partlamada azyndan 11 adamyň ölendigini, 43 magdançynyň ýaralanandygy habar berdiler.

Kemerowa sebitiniň gübernatory Sergeý Tsiwilýew ýer astynda galanlar bilen hiç bir "aragatnaşygyň ýokdugyny" aýtdy.

Baza habarlar web sahypasynyň maglumatyna görä, halas edijiler häzir aşakda galan magdançylary halas etmäge çalyşýarlar, ýöne olara agyr tüsse päsgel berýär.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň habaryna görä, Kuzbasdaky Listwýažnaýa käninden ýüzlerçe adam ewakuasiýa edildi. "Listwýažnaýa kömür käninde gyssagly halas ediş işleri alnyp barylýar" diýip, Ministrligiň metbugat gullugy aýtdy.

"Şu wagta çenli takmynan 236 adam aşakdan ýokaryk çykaryldy. Bu ýerde ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň adamlary işleýär" diýip, habarda aýdylýar.

Ýerli lukmanlar bäş adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny, ikisiniň agyr tüsseden ejir çekýändigini aýtdylar.

Russiýanyň TASS habar gullugy hassahana ýerleşdirilen adamlaryň kömürturşy gazyndan zäherlenendigini aýdýar.

Russiýanyň iň uly kömür kompaniýalarynyň biri we magdanyň eýesi bolan SDS-Ugol irden, ýangyn başlan wagtynda magdanyň içinde 287 adamyň bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG