Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene täze, ikiniň deregine bir 'okalmaýan' žurnal dörediler


Türkmen gazetleri. Okyjylar olarda şol bir 'boş sözleriň' gaýtalanýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Medeniýet we syýahat” žurnalyny döretmek hakyndaky karara gol çekdi.

2022-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir ediljek täze neşir döwlet eýeçiligindäki “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallaryny goşmak esasynda döredilip, hojalyk hasaplaşygynda işlär.

Resmi habarda birikdirilýän neşirleriň işgärleriniň iş orunlary barada hiç zat aýdylman, onuň “medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitleri giňden mahabatlandyrmak, ...bolup geçýän täzelikleri we habarlary ilat köpçüligine ýokary derejede ýetirmek” maksady bilen döredilýändigi bellenýär.

2020-nji ýylyň noýabrynda türkmen mediasy, "Diýar", "Возрождение" žurnallarynyň birikdirilmegi bilen, ýurtda 3,7 tonna kagyzyň tygşytlanjakdygyny habar berdi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda söz we metbugat azatlygyň ýowuz çäklendirilendigini aýdýarlar.

Ýerli kanunlar senzurany gadagan edýär. Emma synçylar döwlet baştutanynyň metbugatdan diňe mahabatlandyrma talap edýändigini, bu ýagdaýyň türkmen neşirlerini tasdan okyjysyz hala getirip, ullakan kagyz, serişde zaýaçylygyna, ilatyň barha kän metbugatdan daşlaşmagyna sebäp bolýandygyny öňe sürýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG