Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Galkynyş" "Watana", “Türkmen dili” “Mugallymlar gazetine” goşulyp, döwlet emlägini tygşytlar


Hökmany suratda prezidentiň suratlary bilen çykýan, 'gazanylan üstünlikleri' beýan edýän türkmen neşirleri

"Diýar", "Возрождение" žurnallary birleşip, 3,7 tonna kagyz tygşytlanar diýip, hökümetçi neşir habar berýär. “Hiçden giç ýagşy, ýolbaşçylar ahyrynda döwlet emläginiň biderek harçlanmagynniň öňüni almak kararyna geldiler” diýip, ýerli žurnalist gülüp aýtdy.

Gazet-žurnallaryň köpüsiniň elektron görnüşleriniň döredilmegi, resmi düşündirişe görä, olaryň “kagyza çap edilmegini, mazmun meňzeşligini” sorag astyna aldy.

Türkmenistanyň prezidenti 26-njy noýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurduň döwlet eýeçiligindäki gazet-žurnallarynyň birnäçesini birikdirmek baradaky teklibi makullap, olary elektron ulgama geçirmegiň tizleşdirilmegini tabşyrdy.

Bu karar döwürleýin neşirleri elektron görnüşe we internet-ulgamyna geçirmek, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak maksady bilen düşündirilýär.

Hökümetçi media täze çözgüdi gazet-žurnallaryň ýolbaşçylarynyň döwlet emlägini tygşytlamak üçin eden teklibi bilen düşündirýär. Ýöne kagyz üçin harçlanan döwlet serişdesi tygşytlansa-da, žurnalistler üçin harçlanýan döwlet serişdeleri tygşytlanmajaga meňzeýär.

Synçylar Türkmenistanda çap edilýän döwrürleýin metbugatyň, radio-telewideniýäniň dürli programmalarynyň şol bir mazmunly habarlary gaýtalaýandygyny, olarda hiç bir mazmun aýratynlygynyň galmandygyny, prezidenti götergilemekden başga zady bilmeýändiklerini öňden bäri aýdyp gelýärler.

Milli metbugatyň hili prezidentiň geçirýän hökümet mejlislerinde hem yzygiderli tankyt edilýär. Ýöne muňa garamazdan, her ýyl onlarça metbugat işgäri gazanylan üstünlikleri beýan etmekde goşan goşandy üçin dürli döwlet sylaglaryna mynasyp bolýar.

“Indi, “Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä, döwlet serişdesine çykarylýan gazet-žurnallarda şol bir mazmunly maglumatlaryň gaýtalanyp çap edilýändigini, bu ýerdäki uly zyýankeşligi, kagyz zaýaçylygyny görnüşinden, metbugat ýolbaşçylary hem görüpdir” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen 60 ýaşly žurnalist aýtdy.

Şeýlelikde, döwlet emlägini tygşytlamak maksady bilen, “Türkmen dili” gazeti “Mugallymlar gazeti” gazetine, "Galkynyş" gazeti "Watan" gazetine birleşdiriler. Hasaplamalara görä, soň döredilen öňküräk iki gazete birikmegi 120 tonna kagyzy tygşytlamaga kömek eder.

Şeýle-de, "Diýar" we "Возрождение" žurnallarynyň birleşip, türkmen, iňlis we rus dillerinde "Diýar” adynda çykarylmagy bilen ýene 3,7 tonna kagyz tygşytlanar.

Gazet-žurnallaryň birikdirilmegi bilen, kagyz tygşytlanmagyndan başga, şol bir mazmunly neşirleriň işgäri bolan žurnalistlere aýlyk haklary hökmünde tölenýän döwlet serişdeleri hem tygşytlanarmy diýen sorag döreýär.

“Türkmenportal” bu soraga anyklaşdyrmazdan “ýok” diýen manyda jogap berýär. Neşiriň tassyklamagyna görä, “gündelik gazetleriň redaksiýalarynyň işgärlerini azaltmak barada gürrüň ýok”.

Şeýle-de, hepdelik ýa-da aýlyk neşirlerde baş redaktoryň orunbasarynyň ýerine uly habarçy wezipesiniň girizjekdigi, jogapkär kätibiň ygtyýarlyklarynyň giňeldiljekdigi bellenilýär.

Anonimlik şertinde gürleşen žurnalist neşirleriň birikdirilmeginiň onlaýn usulyna geçilmegi “dünýäde gazet satuwynyň azalmagy” bilen baglanyşdyrylmagyny dogry hasaplamaýar.

Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda gazet satuwy hemişe-de azdy we bu pudak diňe döwlet serişdelerine we mejbury abuna daýanýardy.

Ol Türkmenistanda sowet ýyllarynda hem gazet-žurnallaryň abunaçylaryny köpeltmegiň “görgüli iş” bolandygyny ýatlardy.

“Her ýyl abunaçy köpeltmek üçin etraplara iş saparyna ibererdiler. Uly kolhozlaryň başlyklaryna, etrap partiýa komitetleriniň resmilerine, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna “ýüzümizi saraldyp”, haýyş bilen ýüz tutardyk” diýip, aşgabatly žurnalist gürrüň berdi. “O döwürde gazetler arzandy, toý-tomguda, hudaýýoluda ýa öýlerde saçak ýerine gazet ulanmak bolmaly bir zatdyr öýderdik” diýip, ol aýtdy.

Emma indi, hökümetçi neşiriň ýazmagyna görä, gazet-žurnallaryň tiražynyň azalmagy bilen baglylykda, olaryň bahalaryny “birneme ýokarlandyrmak meselesine hem täzeden serediler”.

Şeýle-de, adaty kagyz gazetlerine we žurnallaryna şahsy abuna ýazylmak mümkinçiliginiň diňe pensionerler üçin saklanyp galjakdygy aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende ýurtda garaşylýan, gözlenip okalýan gazet-žurnallaryň, kitaplaryň, tomaşaçy çekýän sahna, kino eserleriniň ýokdugyny boýun aldy we soňky on ýyldan gowrak wagt içinde ençeme kadr çalşygyny geçirdi.

Şonuň bilen bir wagtda, metbugat hakyndaky kanunyň senzurany gadagan edýändigine garamazdan, prezident “gazanylan üstünlikleriň giňden beýan edilmegini” yzygiderli talap edýär.

Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durmagyna garamazdan, bu ýapyklyk ýurdy çuňňur ykdysady krizise alyp geldi diýip, synçylar aýdýar.

Halkara "Serhetsiz reportýorlar" guramasy tarapyndan düzülen metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda yzdan ikinji orunda durýan Türkmenistan, “Azatlyk öýi” guramasynyň maglumatyna görä, internet azatlygy reýtinginde aşakdan dördünji orunda durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG