Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanyň Horogynda yzly-yzyna üç gün protest boldy


Täjigistan. Dagly-Badahşandaky protestler. 27-nji noýabr, 2021.

Täjigistanyň Dagly-Badahşan sebitinde mähelläniň ýerli hökümet binasyna hüjüm etmegi netijesinde bir protestçi öldürilip, bäş hukuk goraýjy işgär ýaralanandan soň, üç günläp protest bildirildi.

27-nji noýabrda sebitiň paýtagty Horogda birnäçe müň adam proteste toplandy. Tassyklanmadyk habarlara görä, polisiýa demonstrantlara tarap ok atdy, olaryň käbiriniň ýaralanandygy aýdylýar.

Horogdaky protestler howpsuzlyk işgärleriniň adam alyp gaçmakda güman edilip gözlenýän ýerli ýaşaýjyny agyr ýaralamagy netijesinde başlandy.

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň habaryna görä, demonstrantlar 25-nji noýabrda Gulbidin Ziýobekowyň jesedini şäher meýdançasyna alyp geldiler.

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, şäher meýdançasyna toplanan adamlaryň käbiri soň "ok atýan ýarag, daş we ýiti zatlary" ulanyp, sebitiň dolandyryş binasyny ele geçirmäge synanyşdy, dört howpsuzlyk işgärine we bir prokuratura işgärine şikes ýetdi.

Ozodi radiosynyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, howpsuzlyk güýçleri demonstrantlara ot açyp, olaryň biriniň ölmegine, birnäçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolupdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG