Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Ozalky owgan howpsuzlyk gullukçylarynyň azyndan 100-si öldürildi ýa-da ýitirim edildi


HRW Owganystanyň dört welaýatynda ozalky howpsuzlyk işgärleriniň azyndan 100-siniň öldürilendigi barada ygtybarly maglumatlary toplandygyny aýdýar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soň, ozalky howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan azyndan 100 gullukçynyň “öldürilendigini ýa-da zor bilen ýitirim edilendigini” aýdýar. Hukuk topary bu sanlaryň ýurduň 34 welaýatynyň diňe dördüsinde ýüze çykan ýagdaýlary äşgär edýändigini hem belleýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk toparynyň 30-njy noýabrda ýaýradan hasabatyna görä, 15-nji awgust – 31-nji oktýabr aralygynda Owgan milli howpsuzlyk güýçleriniň ozalky agzalarynyň 47-si öldürilipdir ýa ýitirim edilipdir. Olaryň “Talybana” ilki boýun bolandygy ýa-da söweşijiler tarapyndan ele geçirilendigi hem nygtalýar.

Topar ýurduň Gazni, Helmand, Kandagar we Gunduz welaýatlarynda ozalky harby, polisiýa, aňtaw işgärleriniň azyndan 100-siniň öldürilendigi barada ygtybarly maglumatlary toplandygyny aýdýar.

“‘Talybanyň’ liderleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanan, soňy bilen synan Kabul hökümeti bilen işleşenlere ‘amnistiýa’ yglan etmek baradaky wadalaryna garamazdan, ýerli komandirler owgan howpsuzlyk gullukçylaryny öldürdiler we ýitirim etdiler” diýip, HRW-niň Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Patrisiýa Gossman aýtdy.

“‘Talyban’ adam öldürmeleriniň öňüni almaga, jogapkärleri adalata çekmäge we pidalaryň maşgalalaryna kompensasiýa bermäge borçludyr” diýip, Gossman sözüne goşdy.

“Talyban” hasabata jogap edip, muňa jogapkär bolanlary çetleşdirendigini öňe sürse-de, bu aýdanlaryny delillendirip biljek hiç bir subutnama hödürlemedi diýip, HRW belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG